Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Новости за 01.11.2022

Türkmenistan kanunyň hökmürowanlygy indeksine ýene-de alynmady

Azathabar.com 

Türkmenistan "Bütindünýä Adalat Taslamasy” (World Justice Project) atly halkara guramasy tarapyndan düzülen Hukuk hökmürowanlygy indeksine ýene bir gezek girizilmedi divip, “Turkmen.news” neşiri guramanyň saýtynda çap edilen habara salgylanyp ýazýar. 2022-nji ýylyň reýtingine 140 ýurt, şol sanda Merkezi Aziýanyň üç ýurdy girizilipdir: Gazagystan 65-nji ýerde, Özbegistan 78-nji ýerde, Gyrgyzystan 100-nji ýerde ýerleşdirilipdir. Täjigistan we Türkmenistan bolsa, aýdaly, Demirgazyk Koreýa ýaly, guramanyň düzen reýtingine goşulmady. Читать дальше...

"Talyban" ýolbaşyçylygyndaky Owganystanda tirýegiň bol hasyly alyndy

Azathabar.com 

“Talybanyň” neşe serişdelerine garşy girizen gadagançylygyna garamazdan, 2022-nji ýylda söweşijileriň dolandyryşy astyndaky Owganystanda tirýek önümçiligi 32% ýokarlandy. Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe maddalaryna we jenaýatçylyga garşy göreş edarasy (UNODC) tarapyndan 1-nji noýabrda çap edilen ýyllyk hasabatda aýdylmagyna görä, aprel aýynda “Talyban” tirýek ösdürip ýetişdirmegi gadagan edeli bäri tirýegiň bahasy hem ýokarlandy. Daýhanlar girdejileri öňki ýylkydan üç esse köp bolup, 2022-nji ýylda 1,4 milliard dollar boldy. Читать дальше...

Halkara uçar gatnawlarynyň dikeldilip başlanmagy bilen, Türkmenistandan daşary ýurtlara gitmek isleýänler 'köpelýär'

Azathabar.com 

Türkmenistanyň global pandemiýanyň arasynda girizen syýahat çäklendirmelerini gowşadyp, halkara uçar gatnawlaryny dikeldip başlamagy bilen, daşary ýurtlara gitmek isleýän raýatlar göz-görtele köpelýär. Bu barada Balkan welaýatyndan maglumat berýän habarçymyz muny ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklar, durmuş gymmatçylygy we iş şertleriniň barha agyrlaşmagy bilen düşündirýär. "Soňky hepdelerde Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde daşary ýurtlara işlemäge gitmek isleýän polisiýa işgäriniň onlarçasy öz arzalary bilen işden çykdy. Читать дальше...

PÝGG hususy sürüjilere basyş edip, döwlet ulaglarynyň kemçiliklerini ‘görmezlige salýar’

Azathabar.com 

Geçen hepdeden bäri ýurduň günorta we gündogar sebitlerini birleşdirýän magistral ýoluň ugrunda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugunyň (PÝGG) işgärleri bukuda gizlenip, dürli bahanalary arap, geçip barýan ulaglardan para almaga synanyşýarlar. Şol bir wagtda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli sürüjiler ýol polisiýasynyň, ýol kadalaryny görnetin bozýan, döwlet belgili ulaglara batyrnyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Maryda A-95 kysymly awtoulag benzininiň gytçylygy dowam edýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň ýangyç guýujy beketleriniň aglabasynda awtoulag benzininiň gytçylygy dowam edýär. A-95 kysymly awtoulag benzini welaýatyň diňe käbir beketlerinde satuwa çykarylýar. Ýöne bu benzinden ýurduň ähli raýatlary peýdalanyp bilmeýär. Ol diňe kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine satylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Prezident sebitlerde pagta ýygymynyň depgininiň pesdigini aýtdy, oba başlyklary seljerilmeli edildi

Azathabar.com 

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirip, welaýatlarda pagta ýygymynyň depginleriniň güýçlendirilmegini hem-de daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň seljerilmegini tabşyrdy. Maslahatyň dowamynda kärendeçi daýhanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şol sanda olaryň suw, dökün we tehnika ýetmezçiligi bilen bagly anyk meseleleri gozgalmady.

Eýranyň puly dollaryň garşysynda iň pes derejesine düşdi

Azathabar.com 

Eýranyň walýutasynyň hümmeti, ýurtda birnäçe hepde bäri dowam edýän tolgunyşyklaryň arasynda, 1-nji noýabrda dollara garşy iň pes derejesine düşdi. Tähranda söwdagärler 1 dollara 338,000 rial derejesinde nyrh kesýärler. Bir gün öň 1 dollaryň bahasy 332,200 real bolupdy. Rialyň täze derejesi 22 ýaşly Mahsa Amininiň 16-njy sentýabrda ýurduň ahlak polisiýasynyň gözegçiliginde aradan çykmagy netijesinde ýüze çykan halk protestleriniň arasyna gabat geldi. Amini, hamala, Yslam respublikasynyň aýallar... Читать дальше...

Prezident sebitlerde pagta ýygymynyň depgininiň pesdigini aýtdy, oba başlyklary seljerilmeli edildi

Azathabar.com 

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirip, welaýatlarda pagta ýygymynyň depginleriniň güýçlendirilmegini hem-de daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň seljerilmegini tabşyrdy. Maslahatyň dowamynda kärendeçi daýhanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şol sanda olaryň suw, dökün we tehnika ýetmezçiligi bilen bagly anyk meseleleri gozgalmady. Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligine (TDH) görä, Berdimuhamedow Ahal... Читать дальше...

Türkmenistan ilata dekabrda geçiriljek ilat ýazuwy barada SMS iberýär

Azathabar.com 

Şu gün Aşgabadyň ýaşaýjylaryna SMS-habar ýollap, öňde duran ilat ýazuwy barada habar berdiler diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” öz ýerli habarçylaryna salgylanyp ýazýar. Ilat ýazuwy 17-nji dekabrdan 27-nji dekabra çenli aralykda geçiriler we Türkmenistanyň ilaty we ýaşaýyş jaý gory dola hasaba alnar. Döwlet statistika komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhamedow hökümetiň 10-njy oktýabrda geçirilen maslahatynda prezident Serdar Berdimuhamedowa öňde duran we “Jebislik, Bagt we Ýagty geljek” şygary... Читать дальше...

Türkmen manady bir kem otuz ýaşady

Azathabar.com 

1-nji noýabrda Türkmenistanyň milli walýutasynyň, manadyň dolanyşyga girizilenine 29 ýyl bolýar. Türkmen manady 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda, 1 manady 500 rus rublyna barabar görnüşinde dolanyşyga girizildi. Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu sene mynasybetli "Nýtralnyý Turkmenistan" gazetinde çap edilen gutlagynda bank ulgamynyň işgärlerine saglyk, işlerinde uly üstünlik arzuw edilýär. Döwlet baştutanynyň bellemegine görä, bank ulgamy ýurduň ykdysadyýetiniň esasy sütünleriniň biri bolup durýar. Читать дальше...

Putin Soçide ermeni we azeri liderleri bilen duşuşyp, meseleleriň saklanyp galýandygyny aýtdy

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ermenistanyň we Azerbaýjanyň liderleri bilen gepleşik geçirip, iki ýurduň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän konfliktiň çözülmegine ýol açmaga synanyşdy, ýöne bu meselede öňegidişligiň bolmandygyny aýtdy. 31-nji oktýabrda Russiýanyň Gara deňiz kenaryndaky Soçi şypahanasynda bolan duşuşyk, kawkazly goňşularyň arasynda 2020-nji ýyldaky ganly söweşden soň ýüze çykan iň erbet çaknyşykdan bir aý soň boldy. Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan we Azerbaýjanyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Арина Соболенко призналась в том, что не любит женский теннис






Ульяновская ёлка прижилась в московском парке

На парад Победы в Москве запретили проносить вейпы, флаги и воздушные шары

Блогер Асхаб Тамаев попал в ДТП в Москве

Байден заявил о стремлении вернуть Гершковича и Уилана