Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Türkmenistanlylar Alabaý baýramçylygyny bellediler

0
30-njy oktýabrda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynda baýramçylyk mynasybetli gurnalan dabarada “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň jemi jemlendi, döredijilik işgärleriniň arasynda guralan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.


Bu baýram geçen ýyl ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenen bolsa, bu ýyl ilkinji gezek aýratyn baýram hökmünde bellenildi diýip, TDH habar berýär.


Baýramçylyk çärelerine hökümet agzalary, Milli geňeşiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň ilçileri, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzalary, bu ugurda uly üstünlik gazanan itşynaslar, hünärmenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


Baýramçylyk dabarasy meşhur artistleriň çykyşlarym aýdym-sazly kompozisiýalar bilen jemlendi.


Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzyň iri şäherlerini we obalaryny gurşap alyp, halkymyzyň öz medeni mirasyna aýawly garaýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi diýip, habarda aýdylýar.


Azatlygyň habarçylary, ýurtda haýwan hukuklarynyň bozulmagy bilen ylalaşyp bilmeýän adamlar eýesiz itleriň, eýleriniň jaýlary ýykylanda köçede galan itleriň we pişikleriň häkimiýetler tarapyndan dowamly, wagşylylyk bilen öldürilýändigini habar berýärler. Emma türkmen häkimiýetleri bu habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.




 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса