Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Новости за 25.06.2021

Türkmenistanda azyk önümleriniň bahasy ýokarlanýar, azyk kartoçkalary we subsidirlenen bahalar puja çykýar

Azathabar.com 

Aşgabatda subsidirlenen önümleriň satuwy iki aý bäri ýaşaýjylaryň öýlerine eltilip amala aşyrylýar, döwlet dükanlary bolsa, alyjylaryň nobata durmagynyň öňüni almak üçin, kesgitlenen bahadan azygy satmaýar. Şeýlelikde, bazar bahalarynyň yzygiderli galýan wagtynda ilat köpçüligine hökümetiň arzan bahadan wada beren azygyny satyn almagy umyt edip, garaşmak galýar.

Pnewmoniýanyň köpelmegi we COVID-19 testleri. Türkmenistanda kesel ýene ýaýrady

Azathabar.com 

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistandaky hassahanalarda pnewmoniýa diagnozy goýulýan näsaglaryň, şol sanda çagalaryň sany köpelýär. Bu aralykda, häkimiýetleriň talaby boýunça geçirilýän synaglaryň sanynyň köpelmegi bilen COVID-19 keseliniň bardygy hem tassyklanýar. Ýurduň içinde keselçiligiň ýaýramagyna garamazdan, Türkmen ýolbaşçylary ýurduň çäginde koronawirusyň bar bolmagyny hatda mümkinçiligini hem ykrar etmäge howlukmaýarlar. Bu ýagdaý COVID-19-yň Merkezi Aziýada ýaýramagynyň aladaly tendensiýasynyň... Читать дальше...

Belarusly žurnalist we onuň orsýetli halaşýan gyzy öý tussaglygyna geçirildi

Azathabar.com 

Belarusda tussag edilen žurnalist Roman Protasewiç hem-de onuň söýgülisi Sofiýa Sapega türmeden öý tussaglygyna geçirildi. Olar Belarus bir ýolagçy uçaryny Minske mejbury gondurandan soň, tussag edilipdi. Protasewiçiň Polşada ýaşaýan kakasy Dmitriý 25-nji iýunda BBC kanalyna beren interwýusynda munuň sebäplerini özüniň bilmeýändigini aýtdy we “onuň nähilidir bir syýasy oýun bilen meşgullanýan bolmagynyň mümkindigini” sözüne goşdy. “Adwokat hiç zat diýmeýär, häkimiýetler hiç zat diýmeýär” diýip, ol aýtdy. Читать дальше...

PÝGG ulag eýelerini täze derman gutularyny satyn almaga mejbur edýär

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy (PÝGG) sürüjileri awtoulaglara niýetlenen derman gutularyny satyn almaga mejbur edýär. Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan polisiýanyň işgäri gutulary ýerlemek boýunça özlerine ýörite gündelik plan-tabşyrygyň berlendigini aýdýar. “Polisiýanyň işgäri ýolda saklap, beýleki dokumentler bilen birlikde, birinji medisina kömegini bermek üçin zerur serişdeli ulagdaky derman gutymy sorady. Men ozaldan bar bolan gutyny görkezsem... Читать дальше...

Ukraina oligarh Firtaşa we başga-da onlarça adama garşy sanksiýa girizdi

Azathabar.com 

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý ABŞ-da korrupsiýa boýunça aýyplaw bildirilen täsirli oligarh Dmitro Firtaşa garşy sanksiýa girizdi. Şeýle-de, Zelenskiýniň 24-nji iýunda gol çeken kararyna laýyklykda Russiýanyň goranyş pudagy bilen ‘ilteşikli’ onlarça iş adamyna we kärhana garşy sanksiýa girizildi. Dünýäniň iň iri titan öndürijisi “VSMPO-AVISMA”korporasiýasyna, onuň Russiýada ýaşaýan direktory Sergeý Çemezowa we orunbasary Mihail Şelkowa garşy sanksiýa girizildi. Ukrainanyň Milli howpsuzlyk... Читать дальше...

ABŞ-a ýardam beren owganlary göçürmek bilen bagly artýan aladalaryň arasynda Baýden owgan liderleri bilen duşuşýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň baştutanlygyndaky halkara güýçlär şu ýyl Owganystandan doly çekilýän mahaly, prezident Jo Baýden ABŞ harbylaryna ýardam beren owganystanlylaryň yzda galdyrylmajakdygyny aýdyp, olara ýardam wada berýär. “Bizde ýardam beren adamlar yzda galdyrylmaz” diýip, Baýden 24-nji iýunda Ak tamda eden çykyşynda aýtdy. Ol 25-nji iýunda Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani we ýurduň Milli ylalaşyk geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah bilen duşuşýar. Birleşen Ştatlara ýardam beren owganystanlylary göçürmek işleri bireýýäm başlady diýip, Baýden aýtdy. Читать дальше...

Putin bilen geçirilmegi teklip edilen ÝB sammiti goýbolsun edildi

Azathabar.com 

Ýewropa Bileleşiginiň Russiýa bilen serhetleşýän agza ýurtlary garşy çykandan soň, Bileleşigiň liderleri Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen sammit geçirmek babatynda ylalaşyp bilmedi. Liderler 25-nji iýunda beren beýanatlarynda ýokary derejeli duşuşyklary ýa-da sammit meýilnamalaryny agzamazdan “Russiýa bilen dialogyň şertlerini we formatyny öwrenjeklerini” mälim etdiler. ABŞ prezidenti Jo Baýden rus prezidenti bilen 16-njy iýunda Ženewada duşuşandan soňra, Fransiýa we Germaniýa 2014-nji... Читать дальше...

ABŞ ilçisi Russiýa dolandy

Azathabar.com 

Iki aý mundan ozal ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky ýaramazlaşan gatnaşyklarynyň fonunda, rus paýtagtyny terk eden ABŞ ilçisi Jon Sulliwan Moskwa dolandy. Bu habary ABŞ ilçihanasy 24-nji iýunda yglan etdi. “Şu gün Moskwa dolandym. ABŞ-nyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, hem-de Russiýa bilen iki ýurduň arasynda durnukly hem-de öňünden çaklap bolýan gatnaşyklary ýola goýmak maksatlarymyzy ilerletmek üçin, ABŞ ilçihanasynyň topary bilen @USEmbRu işlemäge taýýar” diýip, ilçihananyň metbugat sekretary, Jeýson P. Читать дальше...

Owganystanda “Talyban” bilen çaknyşyklaryň täzeden ýaramazlaşmagy. Täjigistan we goňşy ýurtlar müňlerçe bosguna garaşýar

Azathabar.com 

NATO goşunlarynyň yza çekilýän wagtynda, “Talyban” bilen owgan häkimiýet güýçleriniň arasyndaky konflikt täzeden ýitileşip başlady. Owganystanyň Milli ýaraşyk geňeşiniň başlygy Abdulla Abdulla Türkiýede prezident Erdogan bilen duşuşyp, şeýle diýdi: "NATO goşunlarynyň yza çekilmegi "Talyban" bilen gepleşiklere täsir eder. Olar özlerini has batyrgaý duýup bilerler, iň bolmanda olardan käbirleri Amerikanyň çykmagy bilen ýagdaýdan harby taýdan peýdalanyp biljekdigini nazarda tutarlar". WIDEO (rus dilinde). Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Карен Хачанов

Хачанов обыграл Баутиста-Агуту в третьем круге «Мастерса» в Мадриде






Дизайнерская одежда в Москве: где искать уникальный стиль

В Сыктывкаре пройдет концерт именитого московского оркестра Росгвардии

Кадыров готовится к бегству из Чечни - СМИ

Облачно и тепло: синоптики сделали прогноз на воскресенье в Москве