Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Новости за 29.06.2021

Türkmenistanyň ýörite status bilen Türki Geňeşe goşulmagy maslahatlaşyldy

Azathabar.com 

28-nji iýunda Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň baş sekretary Bagdad Amreýew Türkmenistanyň ýörite derejede Türki Geňeşe goşulmagynyň mümkinçiliklerini maslahat etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýty habar berýär. 28-29-njy iýunda Türki Geňeşiň başlygy Bagdad Amreýew Aşgabada iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň ilkinji güni ol Türkmenistanyň daşary syýasat başlygy Raşid Meredow bilen duşuşdy. Читать дальше...

Çeşme: “Bu adaty çaga gaçakçylygy” – Türkmenistanda nädip gysga wagtda çaga ogullyk alynýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň çaga dogrulýan öýlerinde täze doglan çagalaryň kanun taýdan resmileşdirilmezden üçünji taraplara para-peşgeş esasynda ogullyk berilmegi bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Esasan enesi tarapyndan ýüz öwrülen çagalar ogullyk berilýär diýip, bir welaýat saglygy goraýyş bölümindäki çeşme aýdýar. Türkmenistanyň Maşgala kodeksine salgylanyp, çeşme bu ýerde “adaty çaga gaçakçylygy” barada gürrüň barýandygyny hem-de bu işlere ýerli administrasiýalaryň we çaga dogrulýan öýleriň ýolbaşçylarynyň baş goşýandygyny aýdýar. Читать дальше...

Daşardaky talyplaryň gutardyş synaglary maliýe kynçylyklary bilen utgaşdy

Azathabar.com 

Häzirki döwür studentler üçin iň möhüm möwsüm bolup durýär. Sebäbi, olaryň käbiri döwlet synaglaryny tabşyryp, 4-5 ýyllap okan ýokary okuw jaýlaryny tamamlaýarlar. Beýlekiler bolsa, bir ýyllyk okuwdan soň synaglaryny tabşyryp, ene-atasynyň ýanyna dynç almaga gidýärler.

Owgan hökümeti demirgazykda iki etraby öz gözegçiligine alandygyny yglan etdi

Azathabar.com 

Owganystanyň Goranmak ministrligi 29-njy iýunda beren beýanatynda demirgazykdaky Farýap welaýatynyň iki etrabyny öz gözegçiligine geçirendigini habar berdi. "Talyban" soňky hepdelerde hökümet güýçlerinden onlarça etraby basyp aldy. Bu ýagdaý Kabulda günbatar tarapyndan goldanýan hökümetiň we Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň yza çekilmeginden soň dargap biljekdigi baradaky aladalary orta atdy. ABŞ Owganystandaky goşunlaryny 11-nji sentýabryň terrorçylykly... Читать дальше...

Orsýet basyp alan Krymda howadan gorag sistemasyny synaýar

Azathabar.com 

Orsýet, basyp alnan Krymda howa goranyş ulgamlaryny synagdan geçirdi. Bu Gara deňizde Ukraina we ABŞ tarapyndan bilelikde guralan köpmilletli harby türgenleşikleriň geçen wagtyna gabat geldi. Geçen hepdede rus we britan harby gämileriniň gatnaşmagynda Krymyň kenarynda ýüze çykan wakadan soň Orsýetiň we Günbataryň arasyndaky dartgynlylygyň ýokarlanan wagty 28-nji iýunda başlanan “Deňiz şemaly” türgenleşigine Gara deňiz ýurtlarynyň köpüsini, NATO ýaranlaryny we hyzmatdaşlaryny öz içine alýan jemi 32 ýurt gatnaşýar. Читать дальше...

Owgan goşuny Demirgazyk Farýap welaýatynda iki etraby yzyna aldy

Azathabar.com 

Owganystanyň Goranmak ministrligi 29-njy iýunda beren beýanatynda demirgazykdaky Farýap welaýatynyň iki etrabyny öz gözegçiligine geçirendigini habar berdi. "Talyban" soňky hepdelerde hökümet güýçlerinden onlarça etraby basyp aldy. Bu ýagdaý Kabulda günbatar tarapyndan goldanýan hökümetiň we Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň yza çekilmeginden soň dargap biljekdigi baradaky aladalary orta atdy. ABŞ Owganystandaky goşunlaryny 11-nji sentýabryň terrorçylykly... Читать дальше...

Britaniýa iýulda çäklendirmeleri gowşatmagy, Awstraliýa güýçlendirmegi planlaşdyrýar

Azathabar.com 

Awstraliýada has köp şäher ýokary ýokançly "Delta" görnüşiniň ýaýramagy sebäpli 29-njy iýunda çäklendirmeleri güýçlendirdi. Gonkong bolsa keselçilik ýagdaýlarynyň köpelmegi sebäpli Britaniýadan uçuşlary gadagan etdi. Awstraliýanyň Pert we Brisban şäherleri Sidneý we Darwine goşuldy we häkimiýetler koronawirusyň "Delta" görnüşi bilen bagly ýokançlyklary ýok etmek ugrunda dyrjaşýarlar. "Delta" warianty Britaniýada ýagdaýlaryň köpelmegine sebäp bolsa-da, bu ýurduň saglyk ministri Sajid Jawid ähli... Читать дальше...

Çehiýa belarus oppozisiýasy üçin resmi wekilhanany döretmäge razylyk bildirdi

Azathabar.com 

Çehiýa, Belarusda awtoritar lider Alýaksandr Lukaşenkanyň ýolbaşçylygyndaky rehimsizlige garşy göreşýän belarus oppozisiýasy üçin Pragada resmi ofis açmaga razy boldy. Daşary işler ministri Ýukub Kulhanek oppozisiýa lideri Swýatlana Tsihanouskaýanyň Praga eden saparyndan birnäçe hepde soň yglan eden karary barada ýazan twitinde "Belarus oppozisiýasy Çehiýanyň biragyzdan goldawyny alar we goldanar" -diýdi. Belarus oppozisiýasynyň Litwada we Polşada eýýäm şuňa meňzeş wekilhanalary bar. "Bu 1920-njy... Читать дальше...

"Talyban" Merkezi Aziýanyň serhetlerine süýşýär

Azathabar.com 

Owgan hökümet güýçleri iş ýüzünde ýurduň demirgazyk böleginiň köp ýerini elden gidirdi, soňky günlerde 200 töweregi goşun Täjigistana we Özbegistana tarap, yza çekildi. Merkezi Aziýanyň hökümetleri indi öz serhetlerine ýakyn gelen söweşlere syn edýärler. Daşary ýurt goşunlarynyň Owganystandan çykarylýan döwründe, ol ýurtda barýan syýasy ýagdaýy seljermäge entek mümkinçilik bar diýip hasaplaýan Merkezi Aziýa hökümetleriniň ol möhleti tükenene meňzeýär. Owganystanyň demirgazygynda maý aýynyň başyndan... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Самсонова победила Осаку и вышла в третий круг турнира WTA 1000 в Мадриде






Медики спасли жизнь режиссера-постановщика «Бременских музыкантов»

Эксперты назвали самые красивые места для путешествий по РФ для любителей цветов

Дело арестованного Тимура Иванова обрастает новыми подробностями, спорный кандидат на пост министра транспорта

Обязательная программа для дачника: что нужно успеть на огороде в майские праздники