Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Новости за 27.06.2021

Türkmenistanda gara bazarda dollar ýene gymmatlaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda gara bazarda dollaryň bahasy geçen hepde az-owlak aşaklan bolsa, 27-nji iýunda onuň satyn alyş bahasy ýene-de ýokarlanyp, Aşgabatda 34,2 manada, Maryda 34 manada, Lebapda hem 35 manada çenli ýetdi. Azatlygyň ýerli habarçylary, munuň netijesinde onsuz hem soňky aýlaryň dowamynda telim esse gymmatlan harytlaryň bahalarynyň ýene-de ýokarlanandygyny aýdýarlar. Şu aýyň başlaryndan bäri Türkmenistanda gara bazarda dollar manat garşysynda hümmetini ýitirip başlapdy. Mysal üçin, Lebapda aprelde bir dollar 40 manatdan geçen bolsa... Читать дальше...

Owganystanyň demirgazygyndaky çaknyşyklar sebäpli Gunduzdan müňlerçe maşgala gaçyp çykdy

Azathabar.com 

Owganystanyň demirgazygyndaky möhüm Gunduz şäherinde “Talyban” jeňçileri bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklar sebäpli, 5 müňe golaý maşgala sebitden göçürildi. Bu barada ýerli gumanitar guramalarynyň wekilleri habar berýärler. Gunduzyň Bosgunlar we repatriasiýa edarasynyň başlygy Ghulam Sahki Rasuliniň sözlerine görä, häzirki wagt şäherden gaýdan müňlerçe maşgala hemaýat berilýär, şeýle-de ýene müňlerçe maşgalanyň sebiti terk etmegine garaşylýar. 1-nji maýda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky... Читать дальше...

Eýran ýadro maglumatlary bilen paýlaşmajakdygyny aýtdy

Azathabar.com 

Eýranyň parlamentiniň spikeri, Atom boýunça halkara agentligi bilen baglaşylan gözegçilik şertnamasynyň möhletiniň tamamlanmagyndan soňra, Tähranyň ýurduň käbir ýadro desgalarynyň içiniň suratlary bilen hiç haçan paýlaşmajakdygyny mälim etdi. “Şertnamanyň möhleti tamamlandy... Hasaba alnan maglumatlar Atom boýunça halkara agentligine hiç haçan berilmez. Maglumatlar we suratlar Eýranyň öz gözegçiliginde bolar” diýip, 27-nji iýunda ýerli habar serişdeleri Mohammad Baker Kalibafyň sözlerini getirdi. Читать дальше...

Finlýandiýada Russiýadan dolanan futbol janköýerlerinde koronawirus ýüze çykaryldy

Azathabar.com 

Finlýandiýanyň saglyk resmileri futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň çäginde Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen oýundan soňra yzyna dolanyp gelen janköýerlerde koronawirusyň ýüze çykarylandygyny mälim etdiler. Bu aralykda, ýokanjyň has aňsatlyk bilen ýaýraýan delta görnüşi köp ýurtlarda alada döredýär. 26-njy iýunda Finlýandiýanyň Saglyk we abadançylyk instituty Finlýandiýadan Sankt-Peterburga awtobusda syýahat eden adamlary koronawirus testinden geçmäge çagyrdy. Institutyň direktory... Читать дальше...

Gyrgyz prezidenti Türkmenistana sapar edýär

Azathabar.com 

27-nji iýunda Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow Aşgabada sapar edýär. Gyrgyz prezidentiniň metbugat edarasynyň maglumatyna görä, iki günlük resmi saparyň çäginde Žaparow türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle-de sebit we halkara guramalarynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşar. Žaparowyň gyrgyz-türkmen ykdysady forumynyň işine hem gatnaşmagyna garaşylýar. Gyrgyzystanyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева замыкает год // 16-летняя российская теннисистка успешно стартовала на крупном турнире WTA в Мадриде






Москва выпускает продукцию для активного отдыха в праздники

Электрокары скоро захватят автомобильный рынок: опубликован прогноз

Авиакомпанию S7 оштрафовали на 30 тысяч рублей за нарушение прав пассажиров

В школах Московской области завершился День добрых дел