Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Новости за 30.06.2021

Demirgazyk Owganystanyň hökümet resmileri hem ýerli ilaty "Talyban" hüjüminden nirä gaçyp biler?

Azathabar.com 

Demirgazyk Owganystanyň bäş welaýatynyň ählisini “Talyban” jihätçileri basyp aldylar. Ol welaýatlaryň merkezi şäherlerine-de “Talyban” söweşijileri hüjüm edýärler. Täjigistan bilen aralykdaky esasy serhet geçelgesi bolan Şir Han benderini we Aýhanym benderini “Talyban” ýaraglylary basyp aldylar. Owganystan bilen Özbegistan aralykdaky möhüm serhet geçelgesi bolan Haýratan benderini hem basyp almak üçin, talyp hüjümçileri taýýarlyk görýärler. Türkmenistan bilen Owganystanyň iň esasy serhet geçelgesi... Читать дальше...

Polisiýa Maryda we Türkmenabatda çilim söwdasyna gözegçilik edýär, aýallar nobatdan çykarylýar

Azathabar.com 

Lebap we Mary welaýatlarynyň dükanlarynda çilim söwdasy ýene peýda boldy. Satuw ir bilen başlanýar we köp sanly polisiýa işgäriniň gözegçiliginde geçýär. Nobatlar müň adama ýetýär. Käbir ýagdaýlarda aýal alyjylar nobatdan çykarylýar we olara çilim satylmaýar. 30-njy iýunda Türkmenabat şäherindäki we Lebap welaýatynyň etraplarynyň döwlet dükanlarynda çilim satuwy gaýtadan başlandy. Nobatlar birnäçe ýüzden birnäçe müň adama ýetdi. Çilimiň söwdasy irden başlandy. Her dükanda 10 töweregi polisiýa işgäri gözegçilik etdi. Читать дальше...

ABŞ “Ryanair” hadysasy bilen baglylykda Belarusa howa syýahatyny gadagan etdi

Azathabar.com 

Belarus geçen aý bir ýolagçy uçarynyň ugruny Minske mejbury üýtgedip, onuň yz ýany uçaryň bortundaky bir dissident žurnalisti we onuň gyz dostuny tussag edenden soňra, Birleşen Ştatlary muňa jogap hökmünde Belarusa gidiş-geliş biletleriniň satylmagyny gadagan etdi. Döwlet departamenti Birleşen Ştatlary bilen Belarusyň arasynda howa transportyny çäklendirmegiň ABŞ-nyň daşary syýasaty üçin bähbitlidigi barasynda kesgitli diýip, ABŞ-nyň Transport departamenti 29-njy iýunda buýruk çykardy. Görkezme... Читать дальше...

Putin Russiýanyň täze petiklemeleriň öňüni aljagyna umyt baglaýar, özüniň Sputnik waksinasyny kabul edendigini aýdýar

Azathabar.com 

Russiýa ýokarlanýan gündelik koronawirus hadysalary bilen hem-de tas her gün diýen ýaly rekord derejä ýetýän ölüm sanlary bilen göreşýän mahaly, prezident Wladimir Putin özüniň her ýyl geçirýän göni efir çykyşynyň başynda raýatlary koronawirusa garşy waksina kabul etmäge höweslendirdi. Resmi taýdan “Göni liniýa” atlandyrylýan 30-njy iýun çäresi howsalaly resmileriň jemgyýetiň durmuşyna täze çäklendirmeleri girizmäge howlugýan wagtyna gabat geldi. Iki moderator orsýetlileriň soran iki milliondan gowrak soragyny Putine hödürledi. Читать дальше...

Italiýa, Germaniýa öz goşunlaryny Owganystandan doly çekdi

Azathabar.com 

Italiýan hökümeti Owganystandan goşun çekmek işleriniň tamamlanandygyny aýdýar. Munuň bilen Italiýa, halkara güýçleriň uruşdan ejir çeken ýurtdan goşun çekmegi çaltlandyrmagynyň çäginde, bu ýurda 20 ýyllyk goşun ýerleşdirmegini tamamaldy. Prezident Jo Baýden Waşingtonyň 11-nji sentýabra çenli amerikan güýçlerini Owganystandan doly çykarýandygyny yglan edenden soňra, aprel aýynda ABŞ ýolbaşçylygyndaky koalisiýa özüniň Owganystandaky 9,600 kontingentli missiýasyny soňlandyrmak kararyna geldi. 11-nji... Читать дальше...

Berdimuhamedow öz doglan gününde “Arkadag” myhmanhanasyny açdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy iýunda Aşgabatda “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyşyna gatnaşdy. Kaşaň myhmanhana ýurtda ýiti ykdysady krizis dowam edýän wagty açylýar. Döwlet media serişdelerine görä, Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça bina edilen oteliň gurluşygyny “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy ýerine ýetiripdir. Myhmanhana Berdimuhamedowyň “Arkadag” lakamy bilen adybir bolup, onuň açylyş dabarasy prezidentiň doglan gününe gabat geldi. Читать дальше...

Berdimuhamedow öz doglan gününde “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyşyna gatnaşdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy iýunda Aşgabatda “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyşyna gatnaşdy. Kaşaň myhmanhana ýurtda ýiti ykdysady krizis dowam edýän wagty açylýar. Döwlet media serişdelerine görä, Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça bina edilen oteliň gurluşygyny “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy ýerine ýetiripdir. Myhmanhana Berdimuhamedowyň “Arkadag” lakamy bilen adybir bolup, onuň açylyş dabarasy prezidentiň doglan gününe gabat geldi. Читать дальше...

Ukrain kanun çykaryjylary Günbatar donorlary tarapyndan haýyş edilen reformalar boýunça kanun taslamalary tassyklady

Azathabar.com 

Kiýew geçen ýyl tassyklanan 5 milliard dollar möçberindäki maliýeleşdiriş maksatnamasynyň esasynda Halkara walýuta fondundan has köp maliýe serişdesini karz almaga synanyşýan mahaly, ukrain parlamenti, Werhownaýa Rada, kazyýet ulgamyny özgertmäge we korrupsiýanyň öňüni almaga gönükdirilen birnäçe kanun taslamasyny tassyklady. 29-njy iýunda ukrain kanun çykaryjylary tarapyndan tassyklanan kanun taslamalary Ýokary Kazyýet Geňeşiniň täzeden esaslandyrylmagy boýunça bir taslamany hem öz içine alýar. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Полина Михайлова

Россиянка Полина Михайлова стала чемпионкой Франции по настольному теннису






Столичные росгвардейцы поздравили ветерана Великой Отечественной войны со 100-летним юбилеем

Эстафета поколений и победителей. В Ульяновске отметили юбилейный праздник спорта

В Челябинске больше чем на год перекроют одну из ключевых улиц

Прогноз пожарной опасности на 3 дня опубликовали в Подмосковье