Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

ABŞ Owganystana täze 266 million dollar kömek berýär, "Talyban" 8 ofiseri öldürdi

0
Birleşen Ştatlar ABŞ goşunlarynyň uruş-gowgadan uly zyýan çeken ýurtdan doly çykarylýan wagtynda Owganystana täze, 266 million dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berjekdigini yglan etdi.


4-nji iýunda yglan edilen kömek habary barha möwjeýän zorlukly wakalaryň arasynda, “Talyban” bilen Günbatar tarapyndan goldanylýan kabul hökümetiniň alyp barýan parahatçylyk gepleşikleriniň tasdan togtadylan we, ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleri sentýabr aýyna çenli çykarylansoň, ýurduň geljegine has kän  nämälimlik abanan wagtyna gabat geldi.


“Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky harby güýçlerini yzyna çykarmagy bilen, biziň üýtgewsiz ygrarlylygymyz aýdyňdyr. Biz özümiziň doly diplomatik, ykdysady we kömek gurallarymyzy ulanyp, Owganystanyň halkynyň isleýän we mynasyp bolan parahatçylykly, durnukly geljegini goldamagymyzy dowam etdireris” diýip, Döwlet departamentiniň kömek habaryny beren beýanatynda bellenýär.


Täze berilýän kömek Owganystana ABŞ-nyň 2002-nji ýyldan bäri beren ynsanperwer kömeginiň möçberini takmynan 3,9 milliard dollara ýetirýär.


Şu aralykda, “Talyban söweşijileri 5-nji iýunda demirgazykdaky Baglan welaýatynda owgan howpsuzlyk güýçlerine hüjüm edip, azyndan sekiz adamy, iki etrabyň polisiýa başlyklaryny we alty ofiseri öldürdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса