Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Gyrgyzystan, Täjigistan serhet dartgynlyklaryny gowşadýar  

0
Gyrgyzystan, Täjigistan serhet dartgynlyklaryny gowşadýar  

Gyrgyzystan bilen Täjigistan 5-nji iýunda, soňky onýyllyklarda araçäkde bolan iň ganly wakadan bir aý soň,  iki merkezi aziýa ýurdunyň arasyndaky serhet dartgynlyklaryny köşeşdirmek barada ylalaşyk gazandy.

4-nji iýunda Gyrgyzystan-Täjigistan serhediniň jedelli böleginde dartgynlyk güýçlenip, iki tarap hem bir-birini öňki baglaşylan şertnamalary bozmakda günäkärledi.

Gyrgyzystan täjik goşunyny gije gyrgyz resmileriniň "jedelli künjek" diýip atlandyrýan ýerinde, Oş sebitiniň Çon-Alaý etrabyndaky Unžu-Bulagyň ýerleşýän kesgitlenmedik araçäk böleginde konteýner goýmakda aýyplady.

Täjik serhetçileriniň metbugat gullugy gyrgyz beýanatyny ret edip, öz goşun birikmesiniň gyrgyz tarapy bilen täjik territoriýasy hökmünde ylalaşylan serhet ýakasyna geçirilendigini aýtdy.

Howpsuzlyk boýunça ýokary derejeli resmileriň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň, taraplar gapma-garşylygy soňlamak üçin 9 punktly ylalaşyk gazandy, şol sanda iki ýurt hem öz serhet berkitmelerini jedelli ýerlerden üç kilometr uzaklyga geçirmeli edildi we topografiki iş toparlaryna serhet bölümini kesgitlemek tabşyryldy.

Uzynlygy 970 kilometre barabar bolan gyrgyz-täjik serhediniň ýarysy diýen ýaly kesgitlenmedik bolup, bu ýagdaý öňki sowet döwletleri otuz ýyl çemesi öň garaşsyzlyk alaly bäri gaýtalanýan dartgynlyga sebäp boldy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

WTA огорчила Елену Рыбакину после турнира в Мадриде






Shot: в Москве мужчина держит в запертой квартире 20 кошек

Сотрудники Росгвардии обеспечили безопасность граждан в период празднования Светлого Христова Воскресения

Оркестр «Серебряные трубы» выступил в Чехове в преддверии 9 Мая

Врач Аршакян перечислил возможные осложнения после операции по увеличению груди