Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Baýden ABŞ-nyň öz ýaranlary bilen gatnaşyklaryny täzelemelidigini nygtaýar

0
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden geljek hepde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen ýokary derejeli duşuşyk geçirende, ABŞ-nyň demokratik gymmatlyklaryny goramak aýgytlylygyna şübhe döremek ähtimallygyna ünsi çekdi.

 

Baýden Putin bilen geçiriljek gepleşikleriň dünýä Birleşen Ştatlar bilen bir nazarda garaýan ABŞ hyzmatdaşlary we ýaranlary bilen birnäçe günläp edilen maslahatlardan soň boljagyny belläp,  öz pikirini ýazmak arkaly, 16-njy iýunda geçiriljek duşuşyk üçin esas taýýarlamaga synandy.


Baýden özüniň Ýewropa etjek saparynyň  gün tertibini we maksatlaryny 5-nji iýunda “Waşington Post” gazetinde çap edilen we Ak tam tarapyndan ýaýradylan  makalada beýan etdi.


Baýden bilen Putiniň duşuşygy arkaly jemlenmezinden öň, bu sapar amerikan prezidentiniň Birleşen Ştatlaryň iň ýakyn demokratik hyzmatdaşlarynyň köpüsiniň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklaryna hem baý bolar.


Baýden bu saparyň esasan “Amerikanyň öz ýaranlarynyň we hyzmatdaşlarynyň öňünde täzelenen borçlaryna düşünmäge we demokratiýalaryň bu kynçylyklary ýeňip geçmek we täze döwrüň howplarynyň öňüni almak mümkinçiligini görkezmäge” bagyşlanjakdygyny aýtdy.


Baýdeniň makalasy Putin Waşingtony Russiýany bökdemäge synanmakda we ýurduň içerki syýasatyna täsir etmekde aýyplap, sammitiň öňünden gapma-garşylykly äheň döredeninden bir gün soň çykdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса