Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

"Talyban" Owganystanyň demirgazygynda esasy etraby basyp alýar

0
“Talyban” söweşijileri öten agşam bolan güýçli söweşlerden soň, Owganystanyň demirgazygyndaky Takhar welaýatynda ýene bir möhüm etraby ele geçirdi diýip, ýerli resmiler 11-nji iýunda aýtdy.


Ýerli geňeşiň üç agzasynyň tassyklamagyna görä, hökümete garşy söweşijiler ok-därileri gutaran we howa goldawy berilmedik goranyjylary strategiki taýdan möhüm bolan Işkimiş etrabyny taşlap gaçmaga mejbur etdi.


Möhüm merkez bolan Işkimişiň ele geçirilmegi  “Talyban” ýaraglylarynyň ýene dört etraba gaýtadan, täze güýç bilen howp salmagyna ýol açýar.


ABŞ we beýleki NATO goşunlary 1-nji maýda resmi taýdan çykarylyp başlanaly bäri Owganystanyň köp etraby “Talybanyň” eline geçdi.


Owgan resmileriniň aýtmaklaryna görä, “Talyban” 6-njy iýundan bäri Uruzgan we Badgis welaýatlarynda azyndan üç etraby ele geçirdi.


Şu aralykda, Lagman welaýatynyň polisiýasynyň 11-nji iýunda aýtmagyna görä, öten agşam şol ýerde bolan söweşde “Talybanyň” ýokary derejeli serkerdesi Badruddini öldürildi.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса