Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Lukaşenka Belarusy Ýewropanyň Demirgazyk Koreýasyna öwürýär diýip, Tihanowskaýa ABŞ senatorlaryna aýtdy

0
Balrusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa 9-njy iýunda ABŞ kanun çykaryjylaryna awtoritar dolandyryjy Aleksandr Lukaşenkanyň Belarusy “Ýewropanyň Demirgazyk Koreýasyna” öwürýändigini aýtdy we ABŞ-ny režimi maliýeleşdirýän adamlara we edaralara garşy sanksiýalary giňeltmäge çagyrdy.


Tihanowskaýa Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetinde Pragadan uzak aralykdan gatnaşyp, şaýatlyk etdi. Ol Lukaşenkanyň dissident žurnalist Roman Protasewiçi tussag etmek üçin “Ryanair” uçarynyň ugruny üýtgetmek bilen çyzykdan geçendigini we munuň bilen onuň halkara parahatçylygyna we halkara howpsuzlygyna howp bolandygyny aýtdy.


“Şeýlelik bilen, halkara jemgyýetçiligi amaly çäreleri girizmek bilen hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň derňew işlerine başlamagy bilen, ahyrsoňy, çalt we täsirli reaksiýa görkezdi” diýip, ol aýtdy. Ýöne halkara reaksiýasynyň “Ryanair” uçar hadysasy bilen çäklenmeli däldigini belledi.


Belarusda ýagdaýlar ABŞ-nyň we onuň hyzmatdaşlarynyň “giňişleýin we sarsmaz” gaýtawulyna mynasyp. Ýogsa-da, biziň ählimiz geljekde şeýle ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolarys, sebäbi Lukaşenka meniň ýurdumy Ýewropanyň Demirgazyk Koreýasyna öwürýär – gümürtik, näme etjegini öňünden bilip bolmaýar, we howply” diýip, ol aýtdy.


“ABŞ-nyň, onuň Ýewropadaky ýaranlarynyň we birmeňzeş ýörelgeli beýleki ýurtlaryň ‘bu traýektoriýanyň soňuna çykmaga’ güýçleri ýetýär” diýip, Tihanowskaýa belledi we Birleşen Ştatlaryny Lukaşenkanyň režimini maliýeleşdirýän adamlara garşy sanksiýalary giňeltmäge çagyrdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса