Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Türkmenistan parahatçylygy söýmekde 109-njy boldy

0
Gazagystan Ykdysadyýet we parahatçylyk Instituty (IEP) tarapyndan düzülen reýtingde parahatçylygy söýýän ýurtlaryň arasynda 67-nji orny aldy diýip, Kazinform relyefb.int neşirine salgylanyp habar berýär.


Reýtinge görä, ortaça parahatçylyk derejesi bolan ýurtlar toparynda Gazagystan 67-nji ýerde, 66-njy ýerde ýerleşýän Gresiýa bilen 68-nji ýeri eýeleýän Argentinanyň arasyndan orun aldy.


Gazagystanyň Merkezi Aziýa sebitindäki goňşulary Gyrgyzystan - 76-njy, Özbegistan - 90-njy, Täjigistan - 97-nji, Türkmenistan - 109-njy ýeri aldy.


Ykdysadyýet we parahatçylyk institutynyň şu ýyl beren bahasyna görä iň parahatçylykly ýurt Islandiýa boldy. Ikinji orunda Täze Zelandiýa, üçünji ýerde Daniýa ýerleşdirildi.


Parahatçylygy söýýän ýurtlaryň ilkinji onlugynda Portugaliýa, Sloweniýa, Awstriýa, Şweýsariýa, Irlandiýa, Çehiýa we Kanada girdi. Siriýa - 161-nji, Ýemen - 162-nji, Owganystan - 163-nji ýerde, bu ýurtlar parahatçylyk meselsinde  iň yzdaky ýurtlar hasaplandy.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса