Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

“Türkmenhowaýollary” dünýäniň soňky “Boeing 777-200LR” uçaryna eýe boldy 

0
Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” kompaniýasy 14-nji iýunda dünýäniň iň soňky “Boeing 777-200LR” uçaryna eýe boldy diýip, aviationnepal.com neşiri habar berýär.


Iň soňky nusgasy Aşgabada berlen “Boeing 777-200LR” ýolagçy uçarynyň Everett önümçilik liniýasyndan aýrylandygy, sebäbi onuň ykdysady taýdan o diýen amsatly bolmandygy aýdylýar.


“Türkmenhowaýollary” 2010-2014-nji ýyllar aralygynda üç sany 777-200LR uçaryny satyn aldy, olaryň biri VIP hökümet uçary hökmünde enjamlaşdyryldy.


Emma bu kompaniýa 2019-njy ýylda ýene bir 777-200LR uçaryny buýrup, garaşylmadyk sargyt bilen ýüzlendi we bu günki gün oňa eýe boldy.


“Türkmenhowaýollary” häzirki wagtda umumylykda 291 ýolagçy kuwwaty bolan iki sany “Boeing 777-200LR” uçaryny ulanýar, olarda 28 sany işewür orun, 263 sany ykdysady orun bar.


Ozal ýewropa ýurtlaryna uçmak mümkinçilikleri çäklendirilen, soň pandemiýa aladalary esasynda gatnawlaryny azaldan “Türkmenhowaýollarynyň” täze satyn alan uçarynyň bahasy $265 million.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса