Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Eýranyň ýadro desgasy “tehniki näsazlyk” sebäpli ýapyldy

0
Eýranyň atom energiýasy boýunça guramasy ýurduň ýeke-täk ýadro elektrik stansiýasynyň "tehniki näsazlyk" sebäpli wagtlaýyn ýapylandygyny aýdýar.


"Buşehr elektrik stansiýasy tehniki näsazlyk we Energetika ministrliginiň eden bir günlük duýduryşyndan soň wagtlaýyn ýapyldy we elektrik torundan aýryldy" -diýip Eýranyň Atom energiýasy boýunça guramasy geçen gije öz web sahypasynda ýazdy.


Agentlik ýurduň günortasyndaky port şäheri Buşehrdäki elektrik stansiýasynyň bu mesele çözülenden soň "ýakyn günlerde" milli elektrik ulgamyna birikdiriljekdigini sözüniň üstüne goşdy.


Döwlet elektrik kompaniýasynyň wekili Tawanir Golamali Rahşanimehriň aýtmagyna görä, desgany "üç-dört gün" ýapyk bolar we bu aralykda elektrik togunyň kesilip durmagy ähtimal. Tawanir öz beýanatynda ýadro desgasynyň abatlanýandygyny aýtdy we abatlaýyş işleriniň 25-nji iýuna çenli dowam etjekdigini habar berdi.


Bu Eýranyň 2011-nji ýylda işe girizilen Buşehr zawodynyň gyssagly ýapylmagy barada ilkinji gezek habar bermegidir.


Russiýa desganyň gurluşygyny birnäçe ýyllap gijikdirilenden soň tamamlapdy we onuň ýeke-täk reaktory 1000 megawat energiýa öndürýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса