Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Çeçenistanyň döwlet telewideniýesiniň başlygy Kadyrowyň duşmanlaryny öldürmek bilen haýbat atýar

0
Russiýanyň Çeçenistan respublikasynyň döwlet telewideniýesiniň direktory diýdimzor Ramzan Kadyrowyň “duşmanlaryna” garşy ölüm haýbatlaryny atdy.


Groznynyň döwlet telewideniýe we radio gepleşikler edarasynyň başlygy Çingiz Ahmadow 21-nji iýunda Instagram hasabynda ýerleşdiren wideosynda “Ramzan Kadyrow bilen egin-egne” durandygyny aýtdy.


“Eger-de kimde-kim ölümi hak eden bolsa, biz ony öldüreris. Eger-de söze zerurlyk bolsa, biz gerekli sözi aýdarys” diýip, ol belledi.


Ahmadow “Ramzan Kadyrowyň duşmanlaryny çeçen halkynyň duşmanlary”, şeýle-de özüniň şahsy duşmanlary diýip atlandyrdy.


Kadyrowyň golastyndaky çeçen howpsuzlyk gulluklary syýasy bäsdeşlere garşy hukuk bozmalary amal etmekde, şol sanda adamlary gynamakda, alyp gaçmakda we öldürmekde ýakasyny tanatdylar.


Kadyrowyň özi hem mundan ozal tankytçylaryny öldürmek ýa-da türmä basmak bilen haýbat atypdy. Ol ölüm haýbatlarynyň we gorkuzmalaryň “çeçenleriň etikasynyň” bir bölegidigini nygtapdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса