Burýatiýa respublikasy COVID-19 çäklendirmelerini girizdi, Fransiýa Russiýany ‘Gyzyl sanawa’ goşdy
Günorta Sibirdäki Burýatiýa respublikasy koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyny haýallatmak üçin petikleme çärelerini girizdi. Russiýada COVID-19 hadysalary gürelýär, şol sebäpden Fransiýa bu ýurdy syýahat çäklendirilen ýurtlaryň “gyzyl sanawyna” goşdy.
Burýatiýa häkimiýetleri petiklemeleriň 27-nji iýunda başlajakdygyny we iki hepde dowam etjekdigini aýtdy. Petiklemeler azyk dükanlary we dermanhanalar ýaly möhüm kärhanalardan başga ähli edara-kärhanalaryň işine täsir eder.
Şu aý Russiýada COVID-19 hadysalary birden ýokarlandy. Iýunyň başlarynda gündelik 9 müň koronawirus hadysasy hasaba alnan bolsa, 18-nji iýunda 17 müňden gowrak gündelik hadysa hasaba alyndy.
Ýurduň bir topar sebitinde keseliň ýaýramagyny haýallatmak üçin karantin çäreleri ýene güýçlendirilýär.
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin geçen hepde girizilen çäklendirmeleriň 29-njy iýuna çenli uzaldyljakdygyny yglan etdi. Ol has ozal bireýýäm Moskwanyň Ýewro-2020 janköýer zolagynyň ýapylýandygyny hem-de 1000-den köp adamly ýygnanyşyklaryň gadagan edilýändigini yglan edipdi.
Ýöne Russiýada Burýatiýa pandemiýa başlaly bäri birnäçe gezek petikleme girizen ýeke-täk sebit boldy.
Resmi statistikalara görä, sebitde 1071 adam koronawirus bilen aradan çykdy, jemi 42177 hadysa hasaba alyndy.
Fransiýa hökümetiniň metbugat sekretary Gabriel Attal 23-nji iýunda Namibiýa we Seýçelles bilen bir hatarda Russiýanyň “gyzyl sanawa” goşulandygyny mälim etdi. Sanawda jemi 21 ýurt bar.
Bu syýahat çäklendirmesine görä, Fransiýa sapar edýän we sanjym kabul eden syýahatçylar öz syýahatynyň sebäplerini esaslandyrmaly, negatiw test netijesini görkezmeli we bir hepde öz-özlerini üzňeleşdirmeli. Waksina kabul etmedik adamlar 10 günlük karantinde bolmaly ýa-da 1000 ýewro (1194 dollar) jerime tölemeli.