Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

ABŞ ýalan maglumatlar üçin Eýran bilen ilteşikli onlarça websaýty petikledi

0
Birleşen Ştatlar ýalan maglumatlary ýaýratmakda aýyplap Eýranyň häkimiýetleri bilen ilteşikli 30-dan gowrak websaýt domeýnini petikledi.


Adalat departamentiniň 22-nji iýunda beren maglumatyna görä, Birleşen Ştatlar Eýranyň Yslam Radio we Telewideniýe Geňeşiniň ulanýan 33 websaýtyny we Eýranyň goldaw berýän “Kataib Hizballah” jeňçileriniň dolandyrýan üç websaýtyny böwetläpdir.


Tähran bu hereketiň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygy boýunça geçirilýän gepleşikler üçin “konstruktiw bolmajakdygyny” aýtdy.


Geçen ýyl Birleşen Ştatlaryň Daşary ýurt aktiwlerine gözegçilik edýän edarasy Eýranyň Yslam Radio we Telewideniýe Geňeşini Eýranyň Rewolýusiýa goragçylary korpusynyň Kuds güýçleri tarapyndan dolandyrylýan gurluş hökmünde kesgitledi.


ABŞ Eýran tarapyndan goldanylýan “Kataib Hizballah” jeňçi toparyny daşary ýurt terrorist gurmasy hökmünde hasaba aldy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса