Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Türkmenistanda gara bazarda dollar ýene gymmatlaýar

0
Türkmenistanda gara bazarda dollar ýene gymmatlaýar

Türkmenistanda gara bazarda dollaryň bahasy geçen hepde az-owlak aşaklan bolsa, 27-nji iýunda onuň satyn alyş bahasy ýene-de ýokarlanyp, Aşgabatda 34,2 manada, Maryda 34 manada, Lebapda hem 35 manada çenli ýetdi. Azatlygyň ýerli habarçylary, munuň netijesinde onsuz hem soňky aýlaryň dowamynda telim esse gymmatlan harytlaryň bahalarynyň ýene-de ýokarlanandygyny aýdýarlar.

Şu aýyň başlaryndan bäri Türkmenistanda gara bazarda dollar manat garşysynda hümmetini ýitirip başlapdy. Mysal üçin, Lebapda aprelde bir dollar 40 manatdan geçen bolsa, munuň yzýany walýuta aşaklap başlady, iýunyň başlarynda Lebabyň administratiw merkezinde dollaryň satyn alyş bahasy 35 manat 60 teňňä çenli aşaklady. Mundan iki hepde ozal dollar ilki 33 manat 80 teňňä, soňy bilen hem 31 manat töwereklerine çenli arzanlady. Emma şu hepdäniň başyndan bäri, ol gaýtadan göterilip başlandy.

Bellemeli ýeri, gara bazarda dollar hümmetini ýitirse-de, ol degişli döwürde bazar harytlarynyň arzanlamagyna täsir etmedi. Harytlar, esasan hem azyk we iýmit önümleri dowamly gymmatlady.

Ýekşenbe güni habarçymyz Marynyň bazarynda 1 kg käşiriň on manada, 1 kg soganyň alty manada, 1 litr gara pagta ýagynyň 50 manada we 1 litr günebakar ýagynyň 65 manada çenli galandygyny habar berdi. Ol hususy söwdegärlerde jylka etiniň 1 kilogramynyň 75 manatdan, süňkli göle etiniň hem 65 manadan satylýandygyny gürrüň berdi.

“Pulsuzlyk we gymmatçylyk sebäpli köp hojalyk toý-sadaka berende, indi ony diňe ýeke bir çorba bilen sowmaga synanyşýar. Saçaklarda palaw indi juda seýrek goýulýar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ýaşaýjylaryň biri 27-nji iýunda habarçymyza gürrüň berdi.

Mundan öň, aşgabatly ýaşaýjylaryň biri özüniň palawlyk käşirini arzan bolanda satyn alyp, gazana ataýmaly edip, doňduryp goýýandygyny, ýogsa saklap bilmeýändigini gürrüň beripdi.

Türkmen häkimiýetleri ABŞ dollarynyň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri 3,5 manatlygynda saklaýar we her ýylyň başynda aýlyklary we pensiýa pullaryny 10% köpeldip, ilatyň bol-elin durmuşda, bagtyýarlykda ýaşaýandygyny, şeýle-de ýurtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini tekrarlamagy dowam etdirýär.

Resmi metbugat ýurtdaky dollaryň iki kursy, onuň ykdysadyýete, ýurduň içindäki we daşyndaky türkmenistanlylara ýetirýän oňaýsyz täsirleri barada asla habar bermeýär.

Galyberse-de, ýurduň ykdysady kynçylyklarynyň arasynda türkmen hökümeti paýtagt Aşgabatda millionlarça dollarlyk myhmanhanalaryň, edara jaýlaryň we beýlekileriň gurluşygyny üznüksiz dowam etdirýär. Bu aralykda, ýurt raýatlary özleriniň ujypsyz girdejilerine gün-güzeran aýlamaga synanyşýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Хачанов победил Шевченко во втором круге турнира ATP в Риме






Синоптик спрогнозировал потепление до +20 градусов в Москве с 16 мая

Станет бесплатным для всех пенсионеров, пожилые ликуют: новая льгота вводится с 13 мая

Проект по созданию пешей тропы на Самарской Луке «Путь реки» открывает новый сезон

Глава Дмитрова Илья Поночевный встретился с семьями бойцов СВО