Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Italiýa, Germaniýa öz goşunlaryny Owganystandan doly çekdi

0
Italiýa, Germaniýa öz goşunlaryny Owganystandan doly çekdi

Italiýan hökümeti Owganystandan goşun çekmek işleriniň tamamlanandygyny aýdýar. Munuň bilen Italiýa, halkara güýçleriň uruşdan ejir çeken ýurtdan goşun çekmegi çaltlandyrmagynyň çäginde, bu ýurda 20 ýyllyk goşun ýerleşdirmegini tamamaldy.

Prezident Jo Baýden Waşingtonyň 11-nji sentýabra çenli amerikan güýçlerini Owganystandan doly çykarýandygyny yglan edenden soňra, aprel aýynda ABŞ ýolbaşçylygyndaky koalisiýa özüniň Owganystandaky 9,600 kontingentli missiýasyny soňlandyrmak kararyna geldi. 11-nji sentýabrda “Al-Kaýdanyň” Birleşen Ştatlarda amala aşyran terror hüjümlerine 20 ýyl dolýar. Bu hüjümler Owganystana çozulmagyna we terror toparlaryna eýe çykan “Talyban” hökümetiniň syndyrylmagyna getirdi.

Onlarça italýan harbysy Hyratdan merkezi Italiýanyň Pisa şäherine dolanandan soňra, “düýn gije Owganystandaky italýan missiýasy resmi taýdan tamamlandy” diýip, ýurduň goranmak ministri Lorenzo Guerini beren beýanatynda aýtdy.

29-njy iýunda Germaniýa hem özüniň Owganystandaky iň soňky harbylaryny yza çekendigini yglan etdi. Munuň bilen Germaniýa-da özüniň bu ýurtdaky 20 ýyllyk missiýasyny tamamlady.

29-njy iýunda Reuters habar agentligi ABŞ-nyň hem Owganystandan goşun çekmek işlerini tamamlamagyna bary-ýogy birnäçe günüň galandygyny habar berdi. ABŞ-nyň goşun çykarmagy tamamlamagy üçin 11-nji sentýabra bellenen möhlete heniz wagt bar.

“Talyban” jeňçileriniň ýurt boýunça hüjümleri güýçlendirýän wagty ABŞ-nyň goşun çykarmak işlerini tizleşdirmegi ýurtda doly masştably raýat urşunyň turmagynyň mümkindigi barada alada döretdi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Кто транслирует бой Табило против Джоковича на турнире Rome Masters 1000?






СЭ: «Спартак» связался с Циципасом, чтобы передать греку клубную футболку

200й спектакль ТАМ ЖЕ ТОГДА ЖЕ с Максимом Авериным и Анной Якуниной состоится в Москве 16 мая

Shot: уехавшая из РФ Дапкунайте задолжала налоговой почти 550 тыс. рублей

СМИ: Суд приговорил Бишимбаева к 24 годам тюремного заключения