Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2021

Ukrain kanun çykaryjylary Günbatar donorlary tarapyndan haýyş edilen reformalar boýunça kanun taslamalary tassyklady

0
Kiýew geçen ýyl tassyklanan 5 milliard dollar möçberindäki maliýeleşdiriş maksatnamasynyň esasynda Halkara walýuta fondundan has köp maliýe serişdesini karz almaga synanyşýan mahaly, ukrain parlamenti, Werhownaýa Rada, kazyýet ulgamyny özgertmäge we korrupsiýanyň öňüni almaga gönükdirilen birnäçe kanun taslamasyny tassyklady.


29-njy iýunda ukrain kanun çykaryjylary tarapyndan tassyklanan kanun taslamalary Ýokary Kazyýet Geňeşiniň täzeden esaslandyrylmagy boýunça bir taslamany hem öz içine alýar. Ýokary Kazyýet Geňeşi ýörite komissiýa bolup, ol kazylary wezipe belleýär we beýleki degişli işler bilen meşgullanýar.


Kanun taslamasyna görä, Ýokary Kazyýet Geňeşiniň agzalarynyň aglaba köplügi halkara ekspertlerden ybarat bolar, şol bir wagtyň özünde, Geňeşiň işine düzgün-nyzam inspektorlaryndan ybarat ýörite gulluk gözegçilik eder.


Ukrain kanun çykaryjylary tarapyndan 29-njy iýunda tassyklanan beýleki bir kanun taslamasy galp girdeji we galp emläk hasabaty beren resmileriň türme tussaglygyna höküm edilmegine rugsat berýär.


Kanun taslamalary metbugatda çap edilenden soňra resmi taýdan kanun hökmünde kabul edilýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса