Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Новости за 19.11.2020

Mary: Oba ýaşaýjylary gün-güzeranyň barha kynlaşýandygyny aýdýarlar

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň “Sähra” geňeşliginiň ýaşaýjylary durmuş şertleri bilen bagly üç esasy problema bilen ýüzbe-ýüz galýarlar. Olar elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen kadasyz üpjünçilik, döwlet dükanlarynda gündelik azyk önümleriniň ýetmezçiligi we hojalyk mallarynyň arasynda ýüze çykan näbelli keselçilik. Ýerli ýaşaýjylar duçar bolýan kynçylyklarynyň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysyna anonim şertde gürrüň berdiler. Oba ýaşaýjylary elektrik togunyň wagtal-wagtal öçýändigini... Читать дальше...

Prokuratura bergidar çykan pagtaçylary gyssaýar

Azathabar.com 

Şu günler Lebabyň etraplarynda pagta plan borçnamasyny ýerine ýetirip bilmedik kärendeçiler bilen prokuratura edaralary iş salyşýar. Häkimiýetler kärendeçilerden döwletiň gowaça ösdürip ýetişdirmek üçin eden çykdajylaryny yzyna tölemegi talap edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy noýabrda habar berdi.

Senator Hytaýyň düýäniň liberal gurluşyna abandyrýan howpuna garşy durmak üçin ABŞ-ny, ÝB-ni hyzmatdaşlyga çagyrýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Senatynyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Hytaýdan abanýan howpa garşy durmak üçin Birleşen Ştatlar bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine çagyryş etdi. Respublikan senator Jim Risç 18-nji noýabrda beýanat ýaýradyp, onda Hytaýyň – hyzmatdaşlygy göz öňünde tutmaýan söwda tejribeleri ýaly – hereketleriniň 2-nji Jahan urşundan soňra ABŞ-nyň we Ýewropanyň esaslandyran halkara gurluşyny, şeýle-de transatlantik hyzmatdaşlygynyň mümkin ugurlaryny bozýandygyny belledi. Читать дальше...

Gallup: Türkmenistan ilatyň “ýaramaz duýgulary başdan geçirýän” döwletleriniň hatarynda

Azathabar.com 

Gallup barlag merkeziniň Global duýgular boýunça ýaýradan hasabatynda Türkmenistan sanawyň iň aşaky orunlarynda, ilatyň “ýaramaz duýgulary başdan geçirýän” döwletleriniň hatarynda ýerleşdirildi. Gallup merkeziniň bu soňky hasabatynda adamlaryň maddy bolmadyk gymmatlyklary, ýagny duýgulary we emosiýalary seljerilip, onda jemi içerki önüm ýaly görkezijiler nazarda tutulmady. Gallup 2019-njy ýylda 144 döwletde adamlardan pikir solalyşygyň geçirilen gününden bir gün öň, bäş sany ýaramaz tejribäni başdan geçirip-geçirmändigini sorady. Читать дальше...

Türkmen ymamlary we ýaşulylary näme üçin maska ​​geýmelidigini ilata düşündirerler

Azathabar.com 

Türkmen ruhanylary we ýaşulular ilata gözegçilik etmek we onuň lukmançylyk maskalaryny dakynmagyny gazanmak bilen meşgullanarlar. Şu aýda ýurduň häkimiýetleri maska dakynmak talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirdi we bu polisiýa bilen birlikde býujet işgärlerini we mugallymlary çekdi. COVID-19 keseliniň global pandemiýasynyň täze tolkunynyň fonunda, BSG özüniň "COVID-19-dan erkindigini" aýdýan Türkmenistana barmak boýunça tagallalaryny güýçlendirýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň 19-njy noýabrda aýtmagyna görä... Читать дальше...

AEHA: Eýran ýene ýadro ylalaşygynyň şertlerini bozdy

Azathabar.com 

BMG-niň atom energiýasyna gözegçilik edýän edarasy Eýranyň Natanz desgasynda ornaşdyrylan urany baýlaşdyrmak üçin niýetlenen setrifugalary işe girizip düýäniň iri döwletleri bilen baglaşylan ylalaşygyň şertlerini ýene bozandygyny aýtdy. Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň baş direktory Rafael Grossiniň 18-nji noýabrda aýtmagyna görä, Natanz sebitinde gömülgi saklanan setrifugalar işe girizilipdir. Natanz Eýranyň urany baýlaşdyrmak boýunça iň iri desgasydyr. The New York Times neşiriniň... Читать дальше...

Derňew Awstraliýanyň saýlama esgerleriniň 39 owgany “bikanun öldürendigi” baradaky dellileri ýüze çykardy

Azathabar.com 

Dört ýyllap dowam eden derňewiň netijesinde Owganystana iberilen Awstraliýanyň saýlama güýçleriniň gullukçylarynyň 39 owgan tussagyny öldürendigi baradaky “çuňňur hopukdyryjy” atlandyrylan aýyplamalaryň üsti açyldy. Awstraliýanyň esgerleri Owganystana ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa güýçleriniň çäginde “Talyban” söweşijileri bilen göreşmek üçin ýollanypdy. Awstraliýanyň Baş ştabynyň kommandiri 19-njy noýabrda mälim edilen derňewiň netijeleriniň utandyryjydygyny aýtdy. Şeýle-de, general Angus... Читать дальше...

Obama täze memuarlarynda Putini tankytlady

Azathabar.com 

ABŞ-nyň ozalky prezidenti Barak Obama özüniň täze kitabynda rus prezidenti Wladimir Putini ýiti tankytlap, ony “jenaýat sindikatyny” ýatladýan hökümetiň lideri atlandyrdy. Obama 17-nji noýabrda “Wada berlen toprak” ady bilen çap bolan memuarlarynyň ilkinji tomunda, Putiniň 19-njy asyryň aýaklarynda we 20-nji asyryň başlarynda ABŞ-nyň şäherlerini dolandyran parahor syýasy ketdelerini ýatladandygyny belleýär. Şol ketdeler agalyga we parahorlyga “söwdanyň kanuny serişdeleri hökmünde” garapdylar diýip, Obama kitabynda nygtaýar. Читать дальше...

Özbegistanyň gonamçylyklarynda mazarlar birden artdy. Hökümetler koronawirusdan ölýänleriň sanynyň ýokarydygyny ret edýärler

Azathabar.com 

Özbegistanda soňky dört hepdäniň dowamynda koronawirusdan ölýänleriň sany birden ýokarlandy, ýöne ol maglumat resmi statistikada häzirlikçe görkezilmeýär. Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň žurnalistleriniň geçiren barlaglaryna görä, soňky wagtda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde, şeýle hem azyndan dört welaýatda ölüm derejesi ýokarlanypdyr. Soňky aýda Daşkendiň etegindäki Okteppa gonamçylygynda täze mazarlar has artypdyr. Mazarlaryň köpüsinde häzirlikçe diňe san belgisi goýlupdyr; hossarlary... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Медведев остался лучшим среди россиян в обновлённом рейтинге ATP, Рублёв — восьмой






В Тверской области на имущество нарушителя земельного законодательства наложен арест

Уроки финансовой грамотности проведут для участников «Московского долголетия»

Нижегородские педагоги могут принять участие в Форуме классных руководителей

Эксперт Клапанюк: во II квартале спрос на новостройки в Москве начнет расти