Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Новости за 23.11.2020

Aşgabatda we Lebapda COVID-19 alamatly keselçilik ýaýraýar. Paýtagtda söwda merkezleri ýapyldy

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri henize çenli ýurtda koronawirusyň hasaba alynmandygyny öňe sürýän mahaly, Aşgabatda we Lebapda COVID-19 alamatlary bilen keselleýän adamlar köpelýär. Paýtagtda söwda merkezleriniň ençemesi we dükanlar ýapyldy. Lebapda 1-nji dekabrdan başlap welaýatyň köp ugurly hassahanasyny karantine almak barada maslahat edilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 23-nji noýabrda Aşgabatdan we Lebapdan habar berdiler.

Lebapda dollar galdy, haryt gymmatlady

Azathabar.com 

Lebapda gara bazarda bir hepde mundan ozal 23 manatdan bahalanan dollaryň nyrhy 25,50-25,60 manada göterildi. Munuň bilen bir hatarda, hususy söwdada azyk we hojalyk harytlarynyň bahalary 10-15 göterim töweregi gymmatlady. Ýurtda dowam edýän nagt ýetmezçiliginiň arasynda Maryda öý goşlaryny azyk harytlara çalyşýan adamlar bar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýärler.

Türkmenistan pul ýuwmak we terrorçylygy maliýeleşdirmek problemalary boýunça halkara maslahatyna gatnaşdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri Ýewraziýa toparynyň pul ýuwmaklyga we terrorçylygy maliýeleşdirmeklige garşy göreş boýunça (EAG) wideo konferensiýa arkaly geçirilen 33-nji umumy mejlisine gatnaşdy. Köptaraplaýyn ýygnak EAG-a agza 9 döwletiň, ýagny Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Orsýetiň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Hindistanyň, we Hytaýyň, wekilleriniň, şeýle hem guramada synçy statusyna eýe bolan birnäçe ýurduň, halkara we regional guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Читать дальше...

Mara Aşgabatdan barlag geldi, keselhanalarda diwarlar hassalaryň gapdalynda boýaldy

Azathabar.com 

Mara Aşgabatdan ugradylan ýörite barlag komissiýasynyň saparynyň çäklerinde, welaýatyň hassahanalarynda gyssagly abatlaýyş işleri geçirilýär, lukmanlar dynç günleri hem işe çykmaga mejbur edilýär. Keselhanalaryň diwarlaryny boýamagy hem öz içine alýan abatlaýyş işleri hassalaryň gabat garşysynda alnyp barylýar, bu hem näsaglaryň saglyk ýagdaýlarynyň has hem ýaramazlaşmagyna sebäp bolýar.

Netijeler AstraZeneca COVID-19 sanjymynyň 90% täsirli bolup biljekdigini görkezýär

Azathabar.com 

“AstraZeneca” kompaniýasy koronawirusa garşy öz sanjymynyň 90% çenli täsir edip biljekdigini, dünýäde 58 milliondan gowrak adama ýokaşan, 1,4 milliona golaý adamyň ölmegine we dünýä ykdysadyýetine täsir eden global pandemiýa garşy göreşde täze açyş bolandygyny aýtdy. Oksford uniwersiteti tarapyndan işlenip düzülen sanjym, 23-nji noýabrda yglan edilen deslapky synag netijelerine görä, ýarym doza hökmünde, iň azyndan bir aý aralykda doly doza hökmünde kabul edilende COVID-19-yň öňüni almakda 90% täsirli bolupdyr. Читать дальше...

Baýden Döwlet sekretary wezipesine Antoni Blinkeni hödürleýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň habar beriş serişdeleriniň 22-nji noýabrda habar bermegine görä, ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Jo Baýdeniň uzak wagtlap işleşen geňeşçisi we weteran diplomat Antoni Blinkeni döwlet sekretary wezipesine hödürlemegine garaşylýar. Blinken wezipä hödürlenip, Senat tarapyndan tassyklansa dört ýyllyk prezident Donald Trampyň halkara institutlaryny ret etmekden we ýaranlar hem bäsdeşler bilen çaknyşmakdan ybarat “Amerika ilkinji” syýasatyndan soň täze amerikan diplomatiýasy we halkara gatnaşyklary bilen işleşmeli bolar. Читать дальше...

Owganystana halkara kömeginiň azalmagyna garaşylýar

Azathabar.com 

Owganystan parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň gowşak gidýän wagtynda we COVID-19 pandemiýasynyň onsuzam agyr gumanitar ýagdaýyny agyrlaşdyrýan pursadynda şu hepdede geçiriljek halkara kömegi boýunça uly konferensiýada ýurda berilýän kömegiň hasam kesilmegine sezewar bolup biler. 23-nji we 24-nji noýabrda Ženewada geçirijek 2021-2024-nji ýyllar aralygynda ösüş maksatlaryna we planlaryna gönükdirilen wirtual konferensiýasyna 70-den gowrak ýurduň wekilleriniň we gumanitar işgärleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Читать дальше...

UNISEF ösýän ýurtlara COVID-19 garşy 2 milliard sanjym bermegi planlaşdyrýar

Azathabar.com 

BMG çagalar fondy UNISEF ösýän 92 ýurda COVID-19 sanjymyny we 1 milliard şpris bermegi öz içine alýan “mamont operasiýasy” atly çäresini planlaşdyrýandygyny 23-nji noýabrda yglan etdi. Dünýäde waksinalaryň iň uly hyrydary UNISEF, adatça 100-e golaý ýurtda yzygiderli immunizasiýa we wiruslara garşy göreşmek üçin her ýylda 2 milliard dozadan gowrak sanjym satyn alyp berýär. "Bu deňi-taýy bolmadyk tejribe, sowuk şertleri berjaý etmek talabyna laýyklykda müňlerçe ýüküň iberilmegini sazlaşdyrmagy... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

«Был риск завершить борьбу еще в первом матче». В России оценили победу Рыбакиной в Штутгарте






В России вышла книга о практике применения архитектурного бетона в отечественной архитектуре

Мария Захарова раскритиковала высказывание Нэнси Пелоси о Путине и протестах в США

На Патриарших прудах Mercedes снес столб, находившиеся внутри скрылись

В Москве появятся еще 24 современные площадки для прогулок с собаками