Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Новости за 30.11.2020

Aşgabatda Bethoweniň eserleriniň konserti geçirildi

Azathabar.com 

27-nji noýabrda, Türkmenistan Döwlet konserwatoriýasynyň uly zalynda, kamera orkestri bölümi tarapyndan Lýudwig wan Bethoweniň doglan gününiň 250 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Konsert praktikasyndaky mejbury arakesmeden soň, ussatlaryň klassiki saz muşdaklary üçin ýerine ýetiren aýdym-sazynyň garaşylmadyk baýramçylygy boldy, diýip Azatlyk Radiosynyň konserte gatnaşan Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berdi. Eserleri meşhur pianistler Wladimir Mkrutumow, Stella Faramazowa, soprano Bahar Durdyýewa we ýaş skripkaçylar Merdan Çaryýew... Читать дальше...

Maryda gowaça çöpüni ýygnamak işleri bat alýar, gyşyň bosagasynda ýerler bugdaý ekişine taýýarlanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda resmi taýdan sentýabryň başynda girişilen bugdaý ekişine Mary welaýatynyň köp gallaçysy aradan üç aý geçenden soň, häzir girişmäge taýýarlyk görýär. Welaýatyň dürli sebitlerinde häkimiýet wekilleri oba geňeşlikleriniň arçynlaryna pagta meýdanlaryny gowaça çöpünden arassalamak we bugdaý ekişine taýýarlyk görmek barada tabşyryk berdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Maryda koronawirus ýagdaýlary gürelýär, täze karantin döredilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda koronawirus alamatlary bilen barha köp raýatlaryň, şol sanda saglyk işgärleriniň hem keselhanalara ýerleşdirilýändigi, ol sebäpli ýogalýanlaryň sanynyň hem artýandygy barada maglumatlar gowuşýar. Türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirus bilen bagly ýeke ýagdaýyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürseler-de, ýurtda täze karantin zolaklary esaslandyrylýar, keselhanalar karantine ýapylýar, maska režimine gözegçilik güýçlendirilýär. Şol bir wagtda, dermanhanalarda gerekli däri-dermanlaryň tapdyrmaýandygy sebäpli... Читать дальше...

Belarusda Lukaşenka garşy ýörişlerde 300-den gowrak adamyň tussag edilendigi habar berilýär

Azathabar.com 

Belarusyň häkimiýetleri diýdimzor Alýaksandr Lukaşenkany döwlet başyndan aýyrmaga gönükdirilen demonstrasiýalaryň dowamynda 300-den gowrak protestçini tussag etdi. Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän "Wýasna" guramasynyň habaryna görä, olaryň köpüsi Minskde tussag edilipdir, ýöne Brest, Hrodno, Barauliany we beýleki şäherlerde-de tutha-tutluklar bolupdyr. Bu protestler "Goňşularyň ýörişi" şygar astynda geçýän çykyşlaryň ikinji hepdesidir. Oppozisiýa öz strategiýasyny protestleri merkezden daşlaşdyrmak... Читать дальше...

Farabyň häkimiýetleri öňki tussaglary we arakhorlary tussag edip, Bitaraplyk baýramyna taýýarlanýar

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkimiýetleri öňki tussaglary we arakhorlary wagtlaýyn tussag edip başlady. Şeýle-de, alkogolly içgileriň satuwyna we raýatlaryň gije hereketine çäklendirmeler girizildi. Ýerli häkimiýetler bularyň sebäplerini ýetip gelýän Bitaraplyk baýramynyň öňýanynda, howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi bilen düşündirýärler.

Belarusda Lukaşenka garşy ýörişlerde 300-den gowrak adam tussag edildi

Azathabar.com 

Belarusyň häkimiýetleri diýdimzor Alýaksandr Lukaşenkany döwlet başyndan aýyrmaga gönükdirilen demonstrasiýalaryň dowamynda 300-den gowrak protestçini tussag etdi. Adam hukuklaryny goraýjy "Wýasna" guramasynyň habaryna görä, köpüsi Minskde tussag edilipdir, ýöne Brest, Hrodno, Barauliany we beýleki şäherlerde-de tutha-tutluk bolupdyr. Bu protestler "Goňşularyň ýörişi" şygar astynda geçýän çykyşlaryň ikinji hepdesidir. Oppozisiýa öz strategiýasyny protestleri merkezden daşlaşdyrmak we polisiýanyň... Читать дальше...

Owgan güýçleri goşun bazasyna edilen hüjümiň arkasynda duran "Talyban" agzayny öldürdi

Azathabar.com 

Kabul owgan güýçleri tarapyndan öldürlen "Talyban" agzasynyň azyndan 30 sany howpsuzlyk işgäriniň ölmegine sebäp bolan bomba partlamalaryny amala aşyran janyndan geçen hüjümçileri taýýarlandygyny aýdýar. Hamza Waziristani gündogar Gazni welaýatynda 29-njy noýabrda bombaçynyň Owganystanyň harby bazasyna hüjüm eden gijesiniň dowamynda howa hüjüminde öldürildi. Gazniniň saglyk işgärleri 29-njy noýabrda bolan hüjümde 30 adamyň ölendigini aýtdylar, ýöne öz güýçlerine garşy edilen hüjümlerdäki pidalaryň... Читать дальше...



Waksina programmasyny başlamaga taýýarlanýan Britaniýa optimizm bildirýär

Azathabar.com 

Britan resmileri koronawirusa garşy 2 million dozany taýýarlandyklaryny we ýakyn birnäçe hepdäniň içinde sanjymlary köpçülikleýin edip başlamaga taýýarlyk görýändigini aýdýarlar.  30-njy noýabrda 58 000-den gowrak adamyň COVID-19 bilen baglanyşykly ölmegi bilen Ýewropada koronawirus zerarly iň agyr ýagdaýy başdan geçirýän Britaniýa ilatyna ölüm howply wirusa garşy sanjym edip başlajak ilkinji ýurtlaryň birine öwrülmäge umyt edýändigini aýtdy. 67 million ilatly ýurduň hökümeti mümkin boldugyça köp sanjym etmäge taýynlyk görýän mahaly... Читать дальше...

Ar alyş çagyryşy edilýän wagtynda Eýran janyna kast edilen alymy jaýlady

Azathabar.com 

Eýran özüniň esasy duşmany hasaplaýan Ysraýyly günäkärleýän hüjümde öldürilen ýokary derejeli ýadro fizigi Mohsen Fahrizadeni jaýlamak çäresini geçirdi. Döwlet telekanaly 30-njy noýabrda matam çäresini görkezdi. Fahrizadeniň gubury Tähranda hormat garawuly tarapyndan Goranmak ministrliginiň öňündäki açyk meýdandaky münberde ýerleşdirildi we bu ýerde Gurhan okaldy. Goranmak ministri Amir Hatami we çärä gatnaşan beýleki ýokary derejeli resmiler koronawirus pandemiýasy sebäpli maskaly boldular we biri-birinden aýry oturdylar. Читать дальше...

Siriýa parahatçylyk getirmek boýunça gepleşiklere başlanýar

Azathabar.com 

Siriýanyň hökümetiniň wekilleri, oppozisiýa liderleri we raýat jemgyýeti 30-njy noýabrda Ženewada uruş sebäpli heläkçilige uçran Ýakyn Gündogar ýurtlary üçin parahatçylyk gepleşikleriniň täze tapgyry üçin duşuşar. BMG-niň ýörite wekili Geir Pederson gepleşikleriň öňüsyrasynda eden çykyşynda "taraplaryň arasynda ynam döredip başlamagyň başlangyjyna ýetenimize umyt baglaýarys" diýip belledi. Ol gepleşikleriň esasy meselesiniň täze konstitusiýanyň ýörelgeleri boljakdygyny aýtdy. 2011-nji ýylyň... Читать дальше...

Berdimuhamedow ABŞ-nyň prezidenti wezipesine saýlanan Joe Baýdeni gutlady

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Joe Baýdeniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady. Türkmenistanyň döwlet metbugaty Berdimuhamedowyň Baýdeni tüýs ýürekden gutlandygyny habar berdi. Resmi maglumata görä, türkmen prezidenti halkyň we hökümetiniň adyndan ýollan hatynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläpdir. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Елена Рыбакина рассказала о проблемах на турнире в Мадриде






Вместе с 12-м фигурантом дела о теракте в «Крокусе» задержали его брата

Победители: Елена Летучая, Сергей Гармаш и Любовь Аксёнова

Зампредседателя Мособлдумы Наумов провел прием граждан в Коломне

Действительно