Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Новости за 14.11.2022

Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň medeni günleri geçirildi

Azathabar.com 

9-njy noýabrda, Aşgabatda Türkmenistan bilen diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Koreýa Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy. 9-njy, 10-njy we 11-nji noýabrda Aşgabat kinoteatrynda “Samjin şirketiniň iňlis dili dersleri” we “Bori” filmleri görkezildi. 11-nji noýabrda agşam Magtymguly adyndaky Milli saz we drama teatrynda koreýanyň milli tagamlary hödürlendi, olary dadyp görmek, şeýle-de gözelligi bilen haýran galdyrýan - hanbok milli köýneklerine syn etmek we hatda geýip görmek üçin pursat döredildi. Читать дальше...

Lebaply býujet işgärleri täze jaýlarda arassaçylyk işlerini geçirmäge mejbur edilýär

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda býujet işgärleri mejbury pagta ýygymyna gatnaşdyrylmakdan başga-da, indi gurluşygy tamamlanan ýaşaýyş jaý toplumyny arassalamak işlerine hem çekilýärler. Şu günler welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde býujet işgärleriniň bir bölegi pagta ýygymyna iberilse, beýleki bir bölegi ýaşaýyş jaý toplumyny ulanyşa taýýarlamak işlerine gatnaşdyrylýar.

Türkmenbaşy arassaçylyk işlerini güýçlendirip, döwlet emeldarynyň saparyna taýýarlanýar

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, şol sanda "Awaza" syýahatçylyk zolagynda giň gerimli arassaçylyk işleri geçirilip başlandy. Bu işlere şäheriň jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri bilen bir hatarda, býujet işgärleri we talyplar çekilýär. Bu çäreler ýokary derejeli döwlet emeldarynyň, käbir maglumatlarda öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite amal etmegi mümkin saparyna görülýän taýynlyklar bilen baglanyşykly.

Türkmenistanyň Mejlisi dolandyryş-çäk özgertmelerini amala aşyrar

Azathabar.com 

Türkmen parlamentiniň aşaky palatasy Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünmesi boýunça edilen we ozal seredilip geçilen teklipleri durmuşa geçirmek kararyna geldi diýip, “Orient” habar berýär. Hökümetçi neşir bu karara etraplaryň, şäherleriň, welaýatlaryň häkimlikleriniň haýyşlary, Ministrler kabinetiniň teklibi esasynda, ýurduň çäk gurluşyny kämilleşdirmek maksady bilen gelnendigini belleýär. Mejlisiň aşaky palatasynyň başlygy Gülşat Mammedowanyň tassyklan kararynyň teksti şu gün ýerli metbugatda çap edilipdir. Читать дальше...

Lebaply býujet işgärleri täze jaýlarda arassaçylyk işlerini geçirmäge mejbur edilýär

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda býujet işgärleri mejbury pagta ýygymyna gatnaşdyrylmakdan başga-da, indi gurluşygy tamamlanan ýaşaýyş jaý toplumyny arassalamak işlerine hem çekilýärler. Şu günler welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde býujet işgärleriniň bir bölegi pagta ýygymyna iberilse, beýleki bir bölegi ýaşaýyş jaý toplumyny ulanyşa taýýarlamak işlerine gatnaşdyrylýar. "Her edaradan 50-ä golaý işgär diňe dynç günleri däl, eýse iş günleri hem Türkmenabadyň Azatlyk etrapçasynyň ‘Arkadag’ köçesindäki... Читать дальше...

Stambuldan Türkmenistana ýylyň ahyryna çenli uçar biletleri ýok

Azathabar.com 

Stambulyň aeroportundaky kassalarda Türkmenistana barýan uçarlara biletleriň tas hemmesi ýylyň ahyryna çenli satylyp gutarypdyr. Azatlygyň Türkiýedäki habarçysynyň we çeşmeleriniň habar bermegine görä, bilet satýan işgärler ýanwar aýynda ýüz tutmagy maslahat berýärler. Uçar biletleriniň ýetmezçiligi adaty uçar gatnawy ýola goýlyp, türkmen raýatlarynyň Türkiýeden köpçülikleýin gaýdýan döwrüne gabat geldi.

Erdogan gaz merkezi taslamasyny azeri we türkmen liderleri bilen maslahatlaşar

Azathabar.com 

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bazar güni Türkiýede gaz merkezini döretmek meselelerini dekabr aýynyň başynda, Aşgabada sapary wagtynda azeri we türkmen kärdeşleri bilen maslahatlaşmakçy bolýandygyny aýtdy diýip, TASS 13-nji noýabrda Ankaradan habar berdi. "[Russiýanyň prezidenti Wladiir] Putin we onuň resmi wekilleri Türkiýede energiýa merkezini döretmek meselesi barada eýýäm beýanat etdiler. Meýilleşdirilen çäreler netijesinde Türkiýe tebigy gaz paýlaýyş merkezine öwrüler. Onuň döredilmegi... Читать дальше...

Türkmenistan D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň öňüni alar

Azathabar.com 

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken kararyna laýyklykda, ýurtda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023-2028-nji ýyllaryň strategiýasy hem-de ony amala aşyrmak üçin görülmeli çäreleriň toplumy tassyklanyldy. Bu karar ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksadyndan ugur alýar diýip, ýerli metbugat ýazýar. Emma habarda D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň nämedigi... Читать дальше...

Stambulyň merkezindäki Istiklal gezim köçesinde 'bomba goýan aýal' tutuldy

Azathabar.com 

Türkiýede bir aýal Stambulyň Istiklal köçesinde partlaýjy serişdeleri goýandygy üçin tussag edildi diýip, ýerli metbugat ýurduň IIM-ine salgylanyp habar berýär. Mundan öň 21 adam tussag edilipdi. Türkiýe Stambulyň merkezindäki Istiklal köçesinde guralan terrorçylykly hüjümde güman edilýän adamy tussag etdi diýip, Türkiýäniň içeri işler ministri Süleýman Soýlu TRT Haber teleýaýlymynda aýtdy. Soýlu Istiklal köçesine hüjüm etmek baradaky buýrugyň Siriýanyň demirgazygyndaky Kobani şäherinde, türk... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Камбэком обернулся матч вундеркинда из России перед стартом Еленой Рыбакиной в Мадриде






Блогер Асхаб Тамаев попал в ДТП около Москва-Сити

Проект мирового масштаба: как модернизация БАМа изменит страну

«К сожалению»: смогут ли клиенты криптобиржи Beribit вернуть свои деньги

Известный блогер Тамаев попал в ДТП на люксовом авто около «Москва-Сити»