Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Новости за 09.11.2022

Lebabyň häkimiýetleri hojalyk jaýlaryndaky gaz peçleri barlamak işlerini batlandyrdy

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda howanyň günsaýyn sowaýan şu günlerinde sebitiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri hojalyk jaýlaryna aýlanyp, ýangyn döredip biljek enjamlary barlamak işlerini güýçlendirdiler. Olar esasan hem gaz peçleriň talaba laýyk oturdylandygyny ýa oturdylmandygyny barlaýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Serdar Berdimuhamedow Türki döwletler guramasynyň sammitine gatnaşmaz

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek Türki döwletler guramasynyň (TDG) döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşmaz. Muňa derek Türkmenistana öňki prezident, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow wekilçilik eder.

Türkmenistan ABŞ bilen saglyk hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Azathabar.com 

ABŞ we Türkmenistan hökümetleriniň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek ähtnama gol çekildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär. Bu resminama türkmen tarapyndan saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Atageldi Germanow, ABŞ tarapyndan döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa döwletleri boýunça kömekçisi Donald Lu gol çekdi. Ähtnama iki döwletiň hökümetleriniň arasyndaky saglygy goraýyş hyzmatlary, adatdan daşary keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak... Читать дальше...

Maryda A-95 kysymly benziniň gytçylygyndan soň, A-92 hem tapdyrmaýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň ýangyç guýujy beketleriniň aglabasynda ýangyç gytçylygy dowam edip, bu gahatlyk A-92 kysymly awtoulag benzinine hem baryp ýetdi. Sürüjiler ilata elýeterli bolan ýangyjyň hiliniň pesdigini belläp, ulaglara zyýan ýetirýändiginden şikaýat edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi. "Maryda A-95 kysymly awtoulag benzininiň gytçylygyndan soň, A-92-iň gahatçylygy hem güýçlendi. Welaýatyň ýangyç guýujy beketleriniň aglabasynda bu benzinler tapdyrmaýar. Ähli... Читать дальше...

TDG-nyň Samarkantda geçiriljek sammitine Türkmenistandan öňki prezident gatnaşar

Azathabar.com 

Türki döwletler guramasynyň  (TDG) döwlet baştutanlarynyň sammiti 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda, Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriler, oňa Özbegistan Respublikasynyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew beýemçilik eder diýip, guramanyň 8-nji noýabrda metbugat üçin ýaýradan maglumatynda aýdylýar. Sammite Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokýaew, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, öňki prezident, Türkmenistanyň... Читать дальше...

Maryda bir ýaşaýjy otlynyň aşagyna düşdi

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde bir ýaşaýjy, demirýol reýslerinden geçjek bolan mahaly, otlynyň aşagyna düşüp heläk boldy. Azatlygyň sebitdäki habarçysy 8-nji noýabrdaky pajygaly hadysanyň, görnüşinden, ýolagçynyň seresapsyzlygy sebäpli ýüze çykandygyny, şol bir wagtda munuň bilen baglylykda otlynyň dolandyryjysynyň jezalandyrylmagynyň mümkindigini aýdýar. “Bu hadysa Mary şäheriniň, taksileriň toplanýan, ‘Baýramaly krug’ diýilýän ýeriniň golaýynda boldy. 30 ýaşlaryndaky bir zenan bu ýerden... Читать дальше...

Hazaryň Mangistau kenarynda 100-den gowrak düwlen maslygy tapyldy

Azathabar.com 

Hazar deňziniň kenarynda ölen düwlenleriň 100-den gowrak maslygy tapyldy diýip, Merkezi Aziýanyň ekologiýa barlaglary instituty 8-nji noýabrda habar berdi. Düwlen jesetleriniň Hazar deňziniň kenarýaka böleginde, Bautino obasy bilen Şewçenko şäheriniň arasyndaky etrapda tapylandygy aýdylýar. Hazar kenarynda köpçülikleýin ýagdaýda gyrlan düwlenler baradaky habar 7-nji noýabrda, sagat 19: 30-da gelip gowuşdy we Hazar düwlenlerini gorap saklamak baradaky merkeziň hünärmenleri wakanyň bolan ýerine gitdiler. Читать дальше...

Gyrgyzystan gyşky dynç alyş boýunça GDA-nyň iň gowy 3 ýurdunyň hataryna girdi

Azathabar.com 

Gyrgyzystan gyşky dynç alyş boýunça GDA-nyň iň gowy 3 ýurdunyň hataryna girdi diýip, TurStat maglumat ulgamy habar berýär. Saýtyň maglumatlaryna laýyklykda, GDA ýurtlarynda gyşky dynç alyş boýunça iň meşhur we özüne çekiji ýerleriň reýtingi, derejeleri görkezilýär. Bu reýting syýahatçylyk künjekleriniň "syýahatçylaryň arasyndaky meşhurlyga we GDA ýurtlaryndaky syýahatçylyk we dynç alyş infrastrukturasynyň nederejede ösendigine esaslanyp" düzülipdir. Şeýlelikde, täze düzülen reýtingiň ilkinji bäşligine Gyrgyzystan... Читать дальше...

Aşgabady silden gorajak desgalar ulanmaga berildi

Azathabar.com 

Türkmen paýtagtynyň günortasynda sil suwlaryny sowýan desgalaryň açylyş dabarasy boldy. Türkmen türkmen häkimiýetleriniň paýtagty sil suwlaryndan goramak ugrunda edýän tagallalarynyň çäginde gurlan desgalar Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşylan şertnama esasynda guruldy. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän desgalar toplumy prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açyldy. Döwlet eýeçiligindäki metbugat şäheri sil suwlaryndan gorajak... Читать дальше...

Türkmenistan Russiýadan doň balyk import edýär

Azathabar.com 

Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda Orsýetiň Nowosibirsk sebitinden 19,6 tonna doňdurylan balyk import etdi. “Türkmenportal” neşiriniň “Rosselhoznadzoryň” resmi web sahypasyna salgylanyp çap eden maglumatyna görä, Orsýetden balyk import etmekde Türkmenistan Täjigistandan (4094 tonna) we Özbegistandan (2525 tonna) yza galýar. Balyk importy baradaky habar prezident Serdar Berdimuhamedowyň baýramçylyklardan öň, hususan-da gyş aýlarynda bazarlary azyk önümleri bilen üpjün etmek barada beren tabşyrygynyň yz ýanyna gabat geldi.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Как Рыбакиной стать второй ракеткой мира: расклад от WTA






Почти 6 тыс знаков отличия ГТО получили жители Подмосковья за три месяца 2024 г

КДК: Казарцев правильно дал Дуарте жёлтую карточку в матче с ЦСКА

77% опрошенных россиян отказались от покупки недвижимости в ипотеку в 2023-2024 годах

«Дорога в будущее»: 50 лет назад на строительство БАМа отправился первый комсомольский отряд