Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Новости за 18.11.2022

TN: Lebabyň çagalar baglarynda we internatlarynda barlaglar geçirilýär

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri Lebap welaýatyndaky çagalar baglarynda we internatlarda köpçülikleýin barlaglary geçirýärler. Bu barada garaşsyz neşir "Turkmen.news" öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 17-nji noýabrda habar berdi. Neşiriň maglumatyna görä, ýurduň Ýokary gözegçilik palatasy tarapyndan geçirilýän barlaglarda döwlet tarapyndan çagalar baglary we internatlar üçin iberilýän azyk önümleriniň, şol sanda etiň bu edaralara doly gowuşmaýandygy anyklandy. "Döwletiň ýeterlik haryt bölüp berýändigi aýdylýar... Читать дальше...

Türkmenistandan Türkiýä gitmekdäki kynçylyklar dowam edýär

Azathabar.com 

Türkmenistandan ýurduň daşyna syýahat etmek türkmen raýatlary üçin henizem dürli kynçylyklary döredýär. COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýüze çykan uzak arakesmeden soň, Türkmenistan käbir ýurtlara adaty howa gatnawlaryny ýola goýdy, ýöne biletleriň daşynda dörän aladalar gowşamady. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan Stambula bilet satyn almaga synanyşanda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ol bilet tapdyrmaýandygyny, tapylan halatynda bahasynyň görkezilişinden ep-esli ýokary bolup çykýandygyny habar berýär. Читать дальше...

Hepdäniň jemi #46 (19.11.2022 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Daşdan goşa baş görünýän ýeke baş türkmen syýasatynda Berdimuhamedowlaryň häkimiýetiniň berkidilişi; Türkmenistanyň balyk kyssasynyň gussaly soraglary we D witamini bilen bagly 'nämälim ýagdaýlar' baradaky gepleşiklerimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys.

TH: Ene-atalara çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmek tabşyryldy, okuwçylaryň telefonlary barlandy

Azathabar.com 

Içeri işler ministrliginiň (IIM) işgärleri Aşgabadyň käbir mekdeplerinde okuwçylaryň ene-atalary we mugallymlar bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda mekdep okuwçylarynyň terbiýesi, özüni alyp barşy barada gürrüň edildi. Mekdeplere baran polisiýa işgärleri duýdansyz käbir okuwçylaryň mobil telefonlaryny hem barladylar. Bu barada "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 16-njy noýabrda habar berdi.

Lebapda ilata heňlän un satylýan mahaly, gara bazarda birinji sort un peýda boldy

Azathabar.com 

Türkmenistanda ilat bazar nyrhyndan biraz arzanrak satylýan un paýlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýan mahaly, Lebap welaýatynyň käbir döwlet dükanlarynda un satuwa çykaryldy. Emma sentýabr aýyndan bäri ilkinji gezek paýlanan un iýmite ýaramsyz bolup çykdy. Şol bir wagtda, döwlet dükanlarynda tapdyrmaýan birinji sort un gara bazarda satylyp başlandy.

Aşgabatly sürüjiler 20 ýyly dolan ýeňil awtoulaglaryň tehniki barlaga goýberilmeýändigini aýdýarlar

Azathabar.com 

Şu günler Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş edarasy 2001-nji ýyldan öň öndürilen ýeňil awtoulaglaryň “tehniki guratlyk gözegçiliginden geçirilmegine” rugsat bermeýär, diýip paýtagtly sürüjiler aýdýarlar. Ýeňil awtoulaglaryň guratlyk barlagyna goýberilmezligi Aşgabadyň awtoulag bazarynda 2000-nji we 2001-nji ýyllardan aňyrda öndürilen awtoulaglaryň sanynyň köpelmegine getirdi. “Aşgabat şäheriniň awtomobil bazary 2001-nji ýylda öndürilen awtoulaglardan dolupdyr” diýip... Читать дальше...



Aşgabatda 'Innowasiýa tehnologiýalary' žurnaly çykarylar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde täze žurnal neşir ediler. “Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary” ady bilen çärýekde bir gezek çykaryljak ylmy-amaly neşir elektron görnüşde okyjylara ýetiriler. Internet neşiriň sahypalarynda ylmyň hem-de tehnikanyň iň täze gazananlary, olaryň önümçilige ornaşdyrylyşy, ylym we tehnika ulgamynda täze usullar barada maglumat berler diýip, döwlet eýeçiligindäki metbugat habar berýär. Žurnalyň wezipesi ýaş alymlary, olaryň açyşlaryny goldamaga we ýurduň ylym... Читать дальше...

Mýanma harbylary baýramçylygyň öňünden 6000 tussagyň günäsini geçdi

Azathabar.com 

Häkimiýet başyndaky Mýanma harbylary ýurduň Milli gününiň hormatyna alty müň tussagyyň günäsini geçdi, olaryň  arasynda dört daşary ýurtly, 11 sany tanymal adam bar. Türmeden boşadylan daşary ýurtlularyň arasynda awstraliýaly ykdysatçy, Mýanmaryň döwlet geňeşçisi Aung San Su Çiniň ykdysady syýasat boýunça öňki maslahatçysy Şon Ternell, öňki britan ilçisi Wikki Bowman, amerikan botanigi Kyaw Htaý Oo we ýaponiýaly žurnalist Toru Kubota bar. Kubota awgust aýynda ýurduň ýolbaşçylaryna garşy geçirilen protesti surata alýan mahaly tussag edildi. Читать дальше...

Putin AHG-den hukuk we media hünämenlerini çykardy

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýurduň Adam hukuklary geňeşinden (AHG) on adamy – esasan adam hukuklaryny goraýjylary we žurnalistleri çykaryp, şol bir kararda Geňeşe Russiýanyň uruşparaz pozisiýasyny goldaýan adamlary aldy. Geňeşden çykarylanlaryň arasynda "Gynamalara garşy komitetiň" öňki başlygy Igor Kalýapin, Sankt-Peterburgyň Adam hukuklary geňeşiniň jogapkär sekretary Natalýa Ýewdokimowa, Moskwa döwlet uniwersitetiniň kafedra müdirleri Aleksandr Asmolow we Iwan Zasurskiý hem bar. Şeýle-de... Читать дальше...

Aşgabatda Çagalar gününe gabatlanan kitap ýarmarkasy geçirilýär

Azathabar.com 

18-nji noýabrda Aşgabatda kitap ýarmarkasy geçiriler diýip, türkmen metbugaty 17-nji noýabrda habar berdi. Ýarmarka Bütindünýä çagalar gününi dabaraly bellemek maksady bilen guralýar, onuň dowamynda çagalar üçin dürli kitaplary, oýunjaklary satyn almaga mümkinçilik dörediler, gurjak teatrynyň gahrymanlarynyň çykyşlary we sirk oýunlary görkeziler diýip, "Türkmenportal” ýerli media salgylanyp habar berýär. Mundan başga, çäräniň dowamynda “Bagtyýarlyk” söwda merkeziniň çagalar meýdançasynyň ähli çagalar üçin tölegsiz ediljekdigi aýdylýar. Читать дальше...

Azat Adalga: Türkmenistanyň raýatlygy hakynda

Azathabar.com 

Azat Adalga kanunyň hökmürowanlygynyň we hukuk habarlylygynyň ähmiýetinden ugur alyp, Türkmenistanyň hukuk namalarynyň käbir möhüm maddalaryny üns merkezine çekmegi maksat edinýär. Bu sanymyz “Türkmenistanyň raýatlygy hakynda” kanunyň 5 maddasyna gönükdirilýär.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

WTA озвучила Елене Рыбакиной условия для становления второй ракеткой мира






Стартовал прием заявок на IV Всероссийский форум классных руководителей

Общеобластной субботник прошел во всех микрорайонах Химок

«Слитая» запись из дворца Си и другие итоги визита Толяна Блинкина в Китай: провожал лишь посол США

Пешеходные дорожки обновят по ФКГС в сквере Иконникова в Сормове