Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Новости за 23.11.2022

Balkanda okuwçylaryň 'ahlak terbiýesine' gözegçilik güýçlendirilýär

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň bilim we polisiýa bölümleriniň resmileri mekdep okuwçylarynyň ene-atalary bilen ýygnaklary geçirip, olara çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmegi berk tabşyrdylar. Olar bu tabşyrygyň sebäbini soňky aýlarda çagalaryň dereksiz ýitmegi we okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy bilen bagly wakalaryň köpelendigi bilen düşündirdiler.

Mary şäheriniň tebigy gaz üpjünçiliginde bökdençlik ýüze çykdy

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy sebitiň administratiw merkezi bolan Mary şäherinde ilatyň gaz üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikleriň ýüze çykandygyny habar berýär. “Mary şäheriniň ýaşaýjylary bir hepde bäri gazsyz ýaşaýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji noýabrda sebitden habar berdi. Gaz üpjünçiliginiň kesilmegi ilatyň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir etdi. Şäher ýaşaýjylary gyş möwsüminiň öň ýany, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň, bug gazanlarynyň işlemeýändigini aýdýarlar. Читать дальше...

Borrell: MA ýurtlary Hytaý bilen Russiýanyň arasynda galmak islemeýär

Azathabar.com 

Merkezi Aziýa ýurtlary Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga garaşýarlar, sebäbi olar Hytaý bilen Russiýanyň arasynda gysylyp galmak islemeýärler diýip, Josep Borrell Ýewropa Parlamentinde ÝB-Hytaý gatnaşyklary barada guralan çekişmede aýtdy diýip, Akipress.com EU External Action gullugyna salgylanyp ýazýar. "Men Merkezi Aziýadan gelýärin we size Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bize seredýändiklerini aýdyp bilerin ... Olar has deňagramly daşary syýasat alyp barmak isleýärler. Dünýäniň bu bölegi, birnäçe ýyl mundan ozal bolan bolsa... Читать дальше...

Okuwçylara prezidenti söýmek barada nesihat berilýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň häkimiýetleri okuwçylaryň arasynda watançylyk wagyz işlerini güýçlendirip, olara Türkmenistanyň prezidentini söýmegi we ýurduň ähli ýolbaşçylaryna ynam bildirmegi nesihat berýärler. Bu işlere ak sakgally ýaşulular hem çekilýär. Okuwçy gyzlara "ahlakly bolmak" tabşyrylyp, başyny örtüp, ýaglyk daňynmak nesihat berilýär. Şu günler sebitiň tas ähli orta we orta hünär okuw mekdeplerinde okuwçylar bilen geçirilýän ýygnaklar etrap häkimlikleriniň we ýerli bilim bölümleriniň işgärleri tarapyndan guramalaşdyrylýar. Читать дальше...

Baýramçylygyň öňýany raýatlaryň dokumentleri köpçülikleýin barlanýar

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda güýçlendirilen tertipde işläp başlan polisiýa şäherleriň köçelerinde gözegçilik çärelerini artdyrýar, agşam köçelere çykan ýaşaýjylary saklaýar, olaryň dokumentlerini barlaýar. Ýangyn gullygy hususy kärhanalary barlaýar. Munuň resmi sebäbi düşündirilmeýär. Çeşmeler munuň ýasama petardalaryň ýarylmagy netijeside pajygaly ýagdaýlaryň öňüni almak bilen baglanyşdyrýarlar. 20-nji noýabrda girizilen güýçlendirlen iş tertibi ýetip gelýän Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy sebäpli... Читать дальше...

ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatynda bir dükana edilen hüjümde 10 adam öldi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatynda ýerleşýän Çesapeake şäherinde bir “Walmart” dükanlar toplumyna edilen ýaragly hüjüm netijesinde 10 adam öldürildi, bir topar adam ýaralandy. Ýaragly hüjüm eden adamyň ozal şol dükanyň işgäri bolandygy çak edilýär. Hüjümçi ot açyp, birnäçe adamy öldüreninden soň özüni atdy we heläk boldy. Onuň bu hili herekete baş goşmagynyň sebäpleri anyklanylýar. Bu betbagtçylyk ikinji gün, agşam sagat 11 töwereginde boldy. Ýerli polisiýanyň metbugat sekretary Leo Kosinski oklaryň... Читать дальше...

Türkmenistan "Walt Disney Company" bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşýar

Azathabar.com 

“The Walt Disney Company” kompaniýasynyň Merkezi we Gündogar Ýewropa, GDA ýurtlary boýunça baş media direktory Kahaber Abaşidze Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň geljegini maslahatlaşdy diýip, “Orient” neşiri anyklaşdyrmazdan habar berýär. Türkmen DIM-niň we Teleradio gepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri bilen ikinji gün, wideo arkaly guralan gepleşikler türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi. Abaşidze dynç alyş mazmunly önümleri öndürmekde iň iri kompaniýalaryň biriniň işi... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Карен Хачанов

Хачанов обыграл Баутиста-Агуту в третьем круге «Мастерса» в Мадриде






Ефимов: Москвичи выкупили у города почти 450 участков со скидкой для строительства частных домов

Эксперты подсчитали число туристов, которые будут путешествовать по России в мае

Самую красивую девушку округа выбрали в Луховицах

Городские службы переведены на усиленный режим работы до 12 мая из-за праздников