Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Новости за 04.11.2022

Gyrgyz, özbek ministrleri dawaly howdany bilelikde dolandyrmak ylalaşygyna geldi

Azathabar.com 

Özbegistanyň daşary işler ministri Wladimir Norow gyrgyz kärdeşi Jeenbek Kulubaýew bilen serhet çäklerini kesgitlemek boýunça birnäçe resminama, şol sanda iki ýurduň arasynda ynjyk mesele bolup durýan Kempir-Abad suw howdanyny bilelikde dolandyrmak baradaky şertnama gol çekdi. Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi resminamalara 3-nji noýabrda, Bişkekde gol çekilendigini aýtdy. Kempir-Abad suw howdany baradaky şertnama laýyklykda, Gyrgyzystan başga bir ýerden 19,000 gektardan gowrak ýer almagyň deregine... Читать дальше...

Hepdäniň jemi #44 (05.11.2022 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistandaky we Türkmensähradaky türkmenleriň uzaga çeken ýer-suw we beýleki oba hojalyk kynçylyklary, mümkin bolan çykalgalar baradaky gepleşiklerimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys. Eger-de gepleşige ‘laýk’ goýsaňyz we ony paýlaşsaňyz, Türkmenistanda ýapyk saklanylýan meseleleriň has köp adama ýetmegine we çözülmegine kömek ederdiňiz.

Lebapda döwlet telewideniýesine reportažlary taýýarlamak üçin köpçülikleýin çäre geçirildi

Azathabar.com 

3-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde býujet işgärleri we talyplar köpçülikleýin bag ekmek çäresine gatnaşmaly boldular. Bu çäre döwlet telewideniýesinde 5-nji noýabrda görkeziljek güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy baradaky wideo reportažlary öňünden taýýarlamak üçin geçirildi. Býujet işgärlerinden we talyplardan bu mejbury çärä ak we gök reňklerdäki sport eşiklerinde gatnaşmak hem talap edildi. Şeýle-de, olar oturdylan bag nahallary üçin mejbury pul goşandygyny hem goşmaga mejbur boldular.

Merkezi aziýaly bir raýat terrorçylygy wagyz etmekde günäli tapylyp, sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi

Azathabar.com 

Russiýanyň Woronež şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bir raýat terorçylyk hereketlerini wagyz edip, ýaşaýjylary terror guramasyna işe almakda günäli tapyldy we sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi. Bu barada Russiýanyň "Kommersant" neşiri Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) Woroneždäki bölümine salgylanyp, 2-nji noýabrda habar berdi.

Esger: Wagtynda öýe dolanmak üçin ýa para bermeli, ýa-da ofiseriň öýüni abatlamaly

Azathabar.com 

Türkmenistanda raýatlary goşuna almak we gulluk möhletini tamamlan esgerleri öýlerine ugratmak işi dowam edýärkä, ene-atalar harby gullukda para möwsüminiň möwjeýändigini aýdýarlar. Olar çagyryş boýunça harby gullugy geçen ogullaryny gulluk möhletiniň tamamlanan wagtynda öýlerine getirmek üçin para bermeli bolýandyklaryny habar berýärler. Bu barada ene-atalaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Lebapda döwlet telewideniýesi üçin köpçülikleýin bag ekmek çäresi geçirildi

Azathabar.com 

3-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde býujet işgärleri we talyplar köpçülikleýin bag ekmek çäresine gatnaşmaly boldular. Bu çäre döwlet telewideniýesinde 5-nji noýabrda görkeziljek güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy baradaky wideo reportažlary öňünden taýýarlamak üçin geçirildi. Býujet işgärlerinden we talyplardan bu mejbury çärä ak we gök reňklerdäki sport eşiklerinde gatnaşmak hem talap edildi. Şeýle-de, olar oturdylan bag nahallary üçin mejbury pul goşandygyny hem goşmaga mejbur boldular. Читать дальше...

Býujet işgärlerinden gazet-žurnallara mejbury ýazylmak talap edilýär, abuna çykdajylary artýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň gündogar Lebap welaýatynyň býujet edaralarynda berk döwlet gözegçiligindäki gazet-žurnallara 2023-nji ýylyň birinji ýarymy üçin mejbury abuna ýazylmak möwsümi başlandy. Häkimiýetler nobatdaky abuna möwsüminde býujetçilerden gazet-žurnallaryň hem onlaýn, hem-de kagyz görnüşlerine ýazylmagy talap edýär. Neşirleriň iki görnüşine-de abuna ýazylmak talaby işgärleriň çykdajylaryny artdyrýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan býujet işgärleri mundan beýläk gazetleriň onlaýn görnüşi üçin 60 manat... Читать дальше...

Türkmen, gazak we rus kompaniýalary demirýol hyzmatdaşlygyny ösdürer

Azathabar.com 

“Biznes Türkmenistan” neşiri Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Russiýanyň esasy ulag kompaniýalarynyň bilelikdäki demirýol hyzmatyny ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdendiklerini habar berýär. “Resminama üç taraplaýyn we üstaşyr gatnawda harytlaryň yzygiderli daşalmagyny, halkara import we eksport ýük gatnawynyň mukdaryny artdyrmagy, Demirgazyk-Günorta demirýol geçelgesiniň mümkinçiligini durmuşa geçirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi, şeýle hem ulag we logistika infrastrukturasyny... Читать дальше...

On aýda Azerbaýjana 1,4 müň türkmenistanly syýahat etdi

Azathabar.com 

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Azerbaýjana Türkmenistandan 1,4 müň syýahatçy bardy diýip, “Türkmenportal” neşiri ýurduň syýahatçylyk gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär. 2019-njy ýylyň ýanwar- sentýabr aýlary aralygynda Azerbaýjana Türkmenistanyň 38700 töweregi raýaty sapar edipdi. Azerbaýjanyň Döwlet gümrük gullugynyň maglumatyna görä, şol ýyl Azerbaýjana barýan türkmenistanlylaryň sany 96 % artdy. Soňky on aýda Azerbaýjana jemi 1 million 323 müň 416 daşary ýurtly gelipdir we... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

WTA озвучила Елене Рыбакиной условия для становления второй ракеткой мира






Эксперт «Выберу.ру» выступил на Всероссийском жилищном конгрессе в Сочи

2 тыс родителей выпускников с ОВЗ посетили собрание по инклюзивному образованию

Из-за ливня в Москве возможны задержки наземного транспорта и изменения его маршрутов

Акарицидная обработка завершена в парках Подмосковья