Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Новости за 11.11.2022

Stambuldan Türkmenistana ýylyň aýagyna çenli uçar biletleri ýok

Azathabar.com 

Stambulyň aeroportundaky kassada Türkmenistana uçar biletleriniň tas ählisi ýylyň ahyryna çenli satylypdyr. Muňa garamazdan, türkmen raýatlary uçarda birden ýer döremegiň umydy bilen, Türkmenistana her uçaryň ugraýan wagtynda aeroporta ýygnanýarlar.

Hepdäniň jemi #45 (12.11.2022 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistandaky hökümet toýlarynyň we dowamly un, çörek meseleleriniň arasynda türkmen ýaşlarynyň twitterde paýlaşýan ‘toý, maşgala bolmak aladalaryna’ synymyzy diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys. Eger-de gepleşige ‘laýk’ goýsaňyz we ony paýlaşsaňyz, Türkmenistanda ýapyk saklanylýan meseleleriň has köp adama ýetmegine we çözülmegine kömek ederdiňiz.

Mary häzirki ýa-da öňki prezidentiň saparyna taýýarlanýar

Azathabar.com 

11-nji noýabrda Mary welaýatynda giň gerimli arassaçylyk işleri geçirilip başlandy we köçelere gözegçilik güýçlendi. Ýaşaýjylara we telekeçilere ot ýakmazlyk berk tabşyryldy. Bu talabyň berjaý edilşine gözegçilik etmek üçin geňeşlikleriň tas ählisinde ýörite howpsuzlyk işgärleri ýerleşdirildi. Şeýle-de, ak we kümüşsöw reňklerinden başga reňkdäki ulaglaryň köçä çykmagyna dilden gadagançylyk girizildi. Bular prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýa-da onuň kakasy Gurbangulynyň sebite amal etmegi mümkin... Читать дальше...

Türkmenistanda territorial dolandyryş özgertmeleri netijesinde iş orunlary azaldylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda iş orunlaryny köpçülikleýin azaltmak tolkuny başlandy. Garaşsyz habar beriş serişdesi "Turkmen.news"-yň habaryna görä, iş orunlarynyň azaldylmagy häzir Lebap we Mary welaýatlarynyň azyndan iki uly etrabynyň döwlet edaralaryna täsir edipdir. Bu ýagdaý Mejlisiň ýurduň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek boýunça reformany 9-njy noýabrda tassyklamagynyň yzýanyna gabat geldi. Hökümet bu özgertmäniň territorial dolandyryş birlikleriniň gurluşyny gowulandyrmak we döwlet puluny tygşytlamak maksady bilen düşündirdi.

Türkmenistanda daşary ýurtly ýolagçylar üçin üç gün karantin talaby ýatyryldy

Azathabar.com 

Türkmenistan koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda girizen çäklendirmeleriniň ýene birini ýatyrdy. Indi daşary döwletlerden Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlaryndan üç gün karantinde bolmak talap edilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebap we Daşoguz welaýatlaryndaky habarçylary hem-de çeşmeleri maglumat berýärler.

Türkmenistan Türki Döwletler Guramasyna doly hukukly agza bolmady

Azathabar.com 

Türki Döwletler Guramasynyň döwlet baştutanlary Geňeşiniň 11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen sammitiniň yz ýany, Türkmenistanyň guramadaky doly hukukly agzalygy yglan edilmedi. Biraz öň, 29-njy sentýabrda Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki "Anadolu" habar agentligi türk daşary işleri ministri Mewlüt Çawuşoglynyň sözlerine salgylanyp, Samarkantda geçirilýän sammitde Türkmenistanyň gurama doly hukukly agza bolmagyna garaşylýandygyny habar berdi.  "Ozal synçy bolan Türkmenistan... Читать дальше...

Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda orden bilen sylaglandy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda, Türki döwletler guramasynyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň sammitinden soň, “Türk dünýäsiniň ýokary ordeni” bilen sylaglandy diýip, TDH habar berýär. “Bu sylag türki dilli halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmaga, agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşan adamlara gowşurylýar” diýip, türkmen metbugaty belleýär. Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu ordeni Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana hem gowşurdy. Читать дальше...



Hazar deňziniň suwy azalýar

Azathabar.com 

Hazar deňzindäki suwuň derejesi taryhy minimumdan (iň pes derejeden) 10 sm aşak düşdi, mundan öňki rekord 1977-nji ýylda, minus 29 metrde goýlupdy, indi bu görkeziji minus 29.1 metr boldy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” “Zakon kz” neşirine salgylanyp habar berdi. Gazagystanyň kenar ýakasyndaky Aktau şäherinde deňiz suwy käbir ýerlerde kenardan 50-60 metr yza çekildi. Neşir Hazar deňzindäki suw derejesiniň ozallar hem peselendigini, ýöne soň ýokarlanandygyny belleýär. Emma häzir deňiz suwunyň has ýokary tizlikde çekilýändigi aýdylýar. Читать дальше...

BMG: "Talyban" Owganystany "agyr" ýagdaýa saldy

Azathabar.com 

BMG-niň Baş Assambleýasy 10-njy noýabrda “Talybany” owgan aýal-gyzlarynyň adam hukuklaryny bozmakda, wekilçilikli hökümet gurup bilmezlikde we ýurdy “agyr ykdysady, ynsanperwer we sosial şertlere” salmakda aýyplaýan karary kabul etdi. Mundan başga, kararda “Talyban” häkimiýet başyna geçeli bäri geçen 15 aýyň dowamynda bolann zorlukly hadysalar, “Al-Kaida” we “Yslam döwleti” ýaly terrorçy toparlaryň, olaryň bölümleriniň, şeýle-de “daşary ýurtly terrorçy söweşijileriň” ýurtda hereket edýändigi hem bellenip geçilýär. Читать дальше...

Gyrgyz deputatlary prezidenti “Kempirabad işinde” tussag edilen aýallary boşatmaga çagyrdy

Azathabar.com 

Žogorku Keneşiň 20-ä golaý deputaty prezident Sadyr Žaparowa "Kempirabad" diýlip atlandyrylýan işiň çäginde tussag edilen aýallary boşatmak haýyşy bilen ýüz tutdy diýip, parlament agzasy Dastan Bekeşew Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugyna habar berdi. Deputatlaryň ýüzlenmesinde nygtalmagyna görä, aýallar Gyrgyzystanyň medeniýetinde aýratyn taryhy rol oýnaýar we tussaglykda saklanýan aktiwistler ýurduň ösüşine möhüm goşant goşan adamlar bolup durýar. "Ynsanperwerlige şahsy gatnaşygyňyzy görkezmegiňizi... Читать дальше...

Şawkat Mirziýoýew dünýäniň iň täsirli musulmanlarynyň sanawyna girdi

Azathabar.com 

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew "2023-nji ýylda dünýäniň iň täsirli 500 musulmany" diýlip atlandyrylan sanawa girdi. Bu reýting 2009-njy ýyldan bäri, Ammandaky Patyşalyk Yslam strategiki barlag merkezi tarapyndan neşir edilýär we onda dünýäniň syýasatda, sportda, ylymda we medeniýetde öňe saýlanan iň görnükli musulmanlary görkezilýär. Neşiriň bellemgine görä, Özbegistanyň prezidenti, howpsuzlyk gulluklarynyň ygtyýarlyklaryny çäklendirmek, daşary söwdany we maýa goýumlaryny höweslendirmek... Читать дальше...

Gurbanguly Berdimuhamedow TDG sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar

Azathabar.com 

Samarkantda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işine başlady, oňa Türkmenistandan halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşýar. TDH onyň bu mejlise Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça, hormatly myhman hökmünde gatnaşýandygyny habar berdi. Özbegistanyň prezidentiniň ýolbaşçylygyn geçirilýän mejlise Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Потапова проиграла Фернандес во втором круге турнира WTA в Мадриде






Фильм "Стыд" завоевал гран-при Московского международного кинофестиваля

В Москве состоялся XIII Всероссийский съезд НОПРИЗ

В ТЦ "Метрополис" открылась мультимарка "Слепая курица"

Хоккеисты и тренеры МХК "Тамбов" награждены серебряными медалями Кубка регионов