Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Новости за 08.11.2022

Türkmen raýatlary 10-njy noýabra çenli Türkiýeden çykmaga howlugýarlar

Azathabar.com 

Türkiýede Türkmenistana barýan uçarlara bilet almagyň daşynda ýene-de basa-baslyk döredi. Azatlygyň Stambuldaky habarçysy Ahmet Rahmanow munuň ýurtda bikanun galýan türkmenistanlylaryň 10-njy noýabra çenli serhetden geçen ýagdaýynda deportasiýa edilmejekdigi baradaky habarlar bilen baglanyşyklydygyny habar berýär.

Tähranda otlanan zibil çeleginden soň bir adam ölüm jezasy bilen ýüzbe-ýüz bolýar

Azathabar.com 

Eýranyň kazyýet ulgamy zibil taşlanýan çelegi otlan adamy "Hudaýa garşy uruşmakda", ölüm jezasy berilýän jenaýatda aýyplady. Kazyýetiň garamagyndaky “Mizan” habar gullugy prokuroryň wekiliniň 7-nji noýabrda beren habaryna salgylanyp, Sahand Nurmohammadzadeniň Tähranda "uly ýoluň haýatlaryny bozup, zibil çeleklerine we tekerlere ot berip”, awtoulag ýolunyň petiklenmegine sebäp bolandygyny aýtdy. Nurmohammadzade özüne bildirilen aýyplamalary ret etdi we özüniň hiç hili bidüzgünçilik döretmek niýetiniň bolmandygyny aýtdy. Читать дальше...

Esgerler: Harby biledi almak üçin ofiserlere para bermeli

Azathabar.com 

Türkmenistanda raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga almak we gulluk möhletini tamamlan esgerleri öýlerine ugratmak işi dowam edýär. Şu günler harby gullugy tamamlap, öýlerine dolanan öňki esgerler ofiserlerden harby biletleri almak üçin para bermeli bolandyklaryny, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysyna gürrüň berdiler.

Lebabyň häkimiýetleri hojalyk jaýlaryndaky gaz peçleri barlamak işlerini batlandyrdy

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda howanyň günsaýyn sowaýan şu günlerinde sebitiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri hojalyk jaýlaryna aýlanyp, ýangyn döredip biljek enjamlary barlamak işlerini güýçlendirdiler. Olar esasan hem gaz peçleriň talaba laýyk oturdylandygyny ýa oturdylmandygyny barlaýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi. "Welaýatyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri Türkmenabat şäherindäki hojalyk jaýlaryna ýekeme-ýeke aýlanýarlar. Olar jaýlarda oturdylan... Читать дальше...

Türkmen raýatlary 10-njy noýabra çenli Türkiýeden çykmaga howlugýarlar

Azathabar.com 

Türkiýede Türkmenistana barýan uçarlara bilet almagyň daşynda ýene-de basa-baslyk döredi. Azatlygyň Stambuldaky habarçysy Ahmet Rahmanow munuň ýurtda bikanun galýan türkmenistanlylaryň 10-njy noýabra çenli serhetden geçen ýagdaýynda deportasiýa edilmejekdigi baradaky habarlar bilen baglanyşyklydygyny habar berýär. Koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçuşlaryň togtadylmagy sebäpli 2020-nji ýylyň 4-nji martyndan soň Türkiýede bikanun galan daşary ýurt raýatlary 2022-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli Türkiýäni meýletin terk etseler... Читать дальше...

Esgerler: Harby biledi almak üçin ofiserlere para bermeli

Azathabar.com 

Türkmenistanda raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga almak we gulluk möhletini tamamlan esgerleri öýlerine ugratmak işi dowam edýär. Şu günler harby gullugy tamamlap, öýlerine dolanan öňki esgerler ofiserlerden harby biletleri almak üçin para bermeli bolandyklaryny, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysyna gürrüň berdiler. "Harby gullugy tamamlap, öýlerine gelýän esgerleriň ýanyndaky ofiserler otly welaýatyň merkezi şäheri Türkmenabada ýakynlaşan mahaly, her esgerden 100 manat bermegi soradylar. Читать дальше...

ABŞ ses berýär, Baýdeniň gün tertibi sorag astynda, Tramp hyjuwlanýar

Azathabar.com 

Amerikalylar 8-nji noýabrda prezident Jo Baýdeniň we ondan öňki prezident Donald Trampyň syýasy geljegini kesgitläp biljek möhüm aralyk saýlawlarynda ses berýärler. Tramp 2024-nji ýylda ýene prezidentlige dalaş etmekçi bolýandygyny tasdan dile getirdi. Baýdeniň demokratlary, prezidentiň ABŞ demokratiýasy üçin "kesgitleýji" pursat hökmünde häsiýetlendiren bäsleşiginden soň, Kongrese gözegçilik ugrundaky göreş bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Respublikanlar inflýasiýa we jenaýat ýaly, aşhana stollarynyň... Читать дальше...

Baýden respublikanlar ýeňiş gazanan ýagdaýynda ABŞ demokratiýasyna howp abanjagyny aýtdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Demokratik partiýanyň goldawyna geçirilen kampaniýa çäresinde ikinji gün Kongresde geçiriljek aralyk saýlawlarda respublikanlaryň ýeňiş gazanmagynyň ABŞ demokratiýasyny gowşadyp biljekdigini aýtdy. Biraz öň respublikanlaryň geçiren ýygnanyşygynda çykyş eden öňki prezident Donald Tramp ýurdy "kommunistler dolandyrýar" diýdi. ABŞ-ly saýlawçylar 8-nji noýabrda Baýdeniň ilkinji möhletiniň galan iki ýylynda parlamente kimiň gözegçilik etjekdigini kesgitlärler. Prezidente garşy çykýan partiýalar... Читать дальше...

Türkmen prezidenti ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisini kabul etdi

Azathabar.com 

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Donald Luny kabul etdi diýip, TDH 7-nji noýabrda habar berdi. Myhman ABŞ-nyň netijelilik, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini tassyklady, Serdar Berdimuhamedow däp bolan dostlukly türkmen-amerikan dialogyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi... Читать дальше...

Marynyň ýol polisiýasy 'hapa ulaglary awlaýar'

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatynyň Mary we Baýramaly şäherlerinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri ýagyş diňen badyna köçelere çykyp, daşky görnüşi hapa ulaglara jerime ýazmak ýa-da sürüjilerden para almak çärelerini güýçlendirdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi. "PÝGG-niň işgärleri etraplardan we obalardan şähere girilýän ýerde durýarlar. Olar ulaglary saklap, sürüjilere 'ulagyň hapa' diýip, jerime ýazjakdyklaryny aýdýarlar ýa-da 20 manat para soraýarlar. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Елена Рыбакина рассказала о проблемах на турнире в Мадриде






Россия передаст "Газпрому" активы Ariston и Bosch. Европа призвала отменить это решение

В Москве арестован активист Сакания, который боролся за «расово чистую Грузию» и организовал в Батуми нападение на бар «леваков и ЛГБТ»

Действительно

Певец Киркоров выпустил наушники в виде красной помады за 4600 рублей