Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Новости за 07.11.2022

Stambulda türkmen aktiwisti Nurberdi Bazarow tussag edildi

Azathabar.com 

29-njy oktýabrda Stambulda Türkmenistanyň raýaty Nurberdi Bazarow tussag edildi. Sosial ulgamlarda Türkmenistanyň hökümetini tankytlaýjy çykyşlary bilen tanalýan aktiwist Tuzla sebitiniň deportasiýa merkezinde saklanýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ahmet Rahmanow Stambuldan habar berýär. Köpçülikde Nurmyrat Bazarow ady bilen tanalýan Nurberdi Bazarow, Türkiýede işçi migrant bolup ýaşaýan türkmen aktiwistidir. Türkmenistanyň hökümetini, häzirki we öňki prezidentler Serdar we Gurbanguly Berdimuhamedowlaryň... Читать дальше...

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirzoýoýew bilen TDG sammitiniň gün tertibini maslahatlaşdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow birinji gün Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gürleşip, Türk döwletleri guramasynyň şu hepdäniň aýagynda Samarkantda geçiriljek sammitiniň gün tertibi hakynda maslahat etdi diýip, “Oreint” neşiri özbek prezidentiniň resmi web sahypasyna salgylanyp habar berýär. Şeýle-de, söhbetdeşler türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk beýläk hem ösdürmegiň möhüm meselelerine garadylar. Türkiýäniň daşary işler ministri... Читать дальше...

Balkanda 'dedowşina' zerarly sekiz esger harby gullukdan gaçdy

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Serdar harby birikmesindäki "ýowuz dedowşina sebäpli", çagyryş boýunça harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän sekiz esger aýry-aýrylykda harby gullukdan gaçdy. Türkmenbaşy-Aşgabat ýolunda saklanan esgerler türme tussaglygy bilen gorkuzylýan mahaly, "dedowşinany" amal edendigi aýdylýan esgerleriň temmi berýän batalýonda üç gün saklanjakdygy aýdylýar. Bu barada harby gullukdan gaçan esgeriň enesi we ýagdaýdan habarly çeşmämiz Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistan käbir gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ulaglaryň hereket çäklendirmesini ýatyrdy

Azathabar.com 

Türkmenistan käbir gözegçilik-geçiriş nokatlarynda daşary ýurtly, şol sanda ýerli ýük ulaglarynyň hereketine mundan iki ýyl ozal töweregi girizen çäklendirmelerini ýatyrdy. Soňky aýyň dowamynda Azatlyk türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtly ýük ulaglary üçin käbir ýeňilleri döredendigi, emma ýerli sürüjileriň daşary çykmagyna rugsat bermeýändigi, olaryň hem muňa ‘özleriniň ala tutulýandygy’ baradaky nägilelikleriniň artýandygy barada maglumat beripdi.

Azat Adalga: Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda

Azathabar.com 

Azat Adalga kanunyň hökmürowanlygynyň we hukuk habarlylygynyň ähmiýetinden ugur alyp, Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynyň käbir möhüm maddalaryny üns merkezine çekmegi maksat edinýär. Bu sanymyz “Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda” kanunyň 5 maddasyna gönükdirilýär.

Mary welaýatynda prokuratura işgärleri oba hojalyk edaralaryny derňeýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň oba hojalygy pudagyna degişli edaralarynda, şol sanda tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda prokuratura işgärleri derňew işlerine girişdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji noýabrda sebitden habar berdi. Mary welaýatynda prokuratura işgärleri oba hojalyk edaralarynda barlag işlerini geçirýärler diýip, ýerli oba hojalykçylar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi. Sebitde prokuratura işgärleriniň girişen barlaglary Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň... Читать дальше...

Türkmenbaşynyň desgalarynda prezidentiň portretini we şygaryny asmak işleri batlandy

Azathabar.com 

Şu günler Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki edara-kärhanalaryň daşynda we içinde prezident Serdar Berdimuhamedowyň portretini we şygaryny asmak işleri güýçlendirildi. Býujet işgärleri muňa öňki prezidentiň, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu işleriň haýal alnyp barylýandygyna nägilelik bildirmeginiň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

ABŞ Türkmenistanyň hususy pudagyna goldaw üçin ýylda $7 million berýär

Azathabar.com 

ABŞ Merkezi Aziýa ýurtlary üçin iki sany täze maksatnama yglan edip, olaryň birine 25 million dollar möçberinde serişde gönükdiriler diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Donald Luyň bazar güni Aşgabatda geçiren metbugat ýygnagynda aýdan sözlerine salgylanyp habar berdi. Neşir bu maksatnamanyň maksadynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýokary zähmet hakly iş orunlaryny döretmek we ýerli harytlaryň halkara bazarlaryna eksport... Читать дальше...

Tanzaniýada ýykylan ýolagçy uçarynda azyndan 19 adam öldi

Azathabar.com 

Tanzaniýada bolan uçar heläkçiliginde azyndan on dokuz adam heläk boldy. “Tanzania Business Insight” neşiriniň habaryna görä, “Precision Air” awiakompaniýasynyň ýurduň paýtagty Dar es Salaamdan Bukoba şäherine uçan ýerli uçary Wiktoriýa kölüne gaçdy. Uçar heläkçiliginiň mümkin bolan sebäpleri belli däl. Deslapky maglumatlara görä, howa şertleriniň ýaramaz bolmagy sebäpli, ekipažyň dolandyryşa erkini ýitiren bolmagynyň ähtimaldygy çak edilýär. Uçarda dört ekipaž agzasy bilen birlikde 53 adam bar eken. Читать дальше...

Türkmen okuwçylarynyň FLEX-e gatnaşmak mümkinçiligi dikeldilýär

Azathabar.com 

Türkmen mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary 2023-2024-nji okuw ýylyndan başlap FLEX okuw maksatnamasyna gatnaşyp bilerler diýip, “Türkmenportal” amerikan resmisiniň sözlerine salgylanyp habar berýär. “Biz şu hepde Türkmenistanyň Hökümetinden FLEX okuw maksatnamasyna dalaşgärleri saýlap almagy gaýtadan ýola goýmaga razylyk berlendigi bilen bagly hoş habary aldyk” diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Donald Lu Aşgabatda žurnalistler bilen duşuşanda aýdypdyr. Onuň tassyklamagyna görä, bu... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Даниил Медведев

Медведев рассказал, что у него не получилось в первом сете матча с Арнальди в Мадриде






III класс пожарной опасности ожидается на территории Подмосковья 29-30 апреля

Режиссер мультфильма «Бременские музыканты» Ковалевская чуть не умерла в Москве

Жители Москвы примут участие в краеведческом диктанте «Московский код»

Матвиенко: Парламентская ассамблея Совета Европы — пустая и никчемная структура