Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Новости за 20.11.2022

Gazagystanyň irki prezidentlik saýlawlarynda Tokaýewe asyl bäsdeşlik görkezilmeýär

Azathabar.com 

Gazagystanda irki prezidentlik saýlawlary geçirilýär. Onda Kasym Žomart-Tokaýewiň, oňa garşy çykýan çynlakaý bäsdeşleriniň ýoklugy sebäpli, ikinji möhlete prezident saýlanmagyna garaşylýar. Özüni reformator edip görkezmäge synanyşsa-da, Tokaýew saýlawlara hakyky oppozisiýa partiýalarynyň hasaba alynmagyna mümkinçilik bermedi. Tokaýew bilen saýlawlara ady kän bilinmeýän ýene bäş kandidat, şol sanda iki aýal dalaşgär gatnaşýar. Olaryň hakyky bäsdeşlik görkezmejekdigi bellenilýär. 20-nji noýabrdaky... Читать дальше...

FIFA-nyň başlygy: Dünýä çempionatynda janköýerler piwosyz ‘oňup bilerler’

Azathabar.com 

Futbol boýunça federasiýanyň, ýagny FIFA-nyň prezidenti Gianni Infantino 19-njy noýabrda çykyş edip, Dünýä Çempionatynyň janköýerleriniň günüň dowamynda üç sagat piwo içmän oňup biljekdiklerini aýtdy. Mundan bir gün öň, garaşylmadyk ýagdaýda, Kataryň stadionlarynda piwo satmak gadagan edildi. Bu ýekşenbe güni başlanýan çempionatyň açylmagyna 48 sagat galanda amal edildi. Musulmanlaryň köplük bolup ýaşaýan Katar döwletinde alkogol içgileriniň satuwy, umuman, gadagan edilendir. Emma bu baradaky giç mälim edilen karar... Читать дальше...

Sahalinde gazyň partlamagy sebäpli azyndan dokuz adam öldi

Azathabar.com 

19-njy noýabrda Russiýanyň Sahalin sebitinde bir ýaşaýyş jaýynda gazyň ýarylmagy netijesinde azyndan dokuz adam, şol sanda dört çaga öldi. Bu barada ýerli resmiler habar berdiler. Tymowskoýe şäheriniň bäş gatlyk binasynda dörän partlamanyň netijesinde, jaýyň bir toplumy weýran boldy. Ýerli resmiler halas ediş işleriniň dowam etdirilýändigini, şeýle-de binada hasaba alnan 33 adamyň tapdyrmaýandygyny aýtdylar. Regional prokuratura bu hadysa boýunça derňewe başlady, Derňew komiteti hem jenaýat işini açdy.

Eýranyň howpsuzlyk güýçleri üç adamy öldürdiler

Azathabar.com 

Eýranyň günbataryndaky Kurdistan welaýatynda, 22 ýaşly aktiwist Mahsa Aminiň ölüminden soň geçirilýän protestleriň dowamynda, 19-njy noýabrda howpsuzlyk güýçleri azyndan üç adamy atyp öldürdiler. Bu barada düýbi Norwegiýada ýerleşýän, Kurdistan sebitindäki hukuk bozmalary hasaba alýan ‘Hengaw’ topary mälim etdi. Topar howpsuzlyk güýçleriniň Diwandareh şäherindäki protestçilere garşy ot açandyklaryny belledi.

Türkmenleriň gender deňligi babatdaky tagallalary we Google Terjimäniň 'gender stereotipleri'

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Milli bilim instituty 7-11-nji noýabr aralygynda mekdep mugallymlarynda gender başarnyklaryny emele getirmek we gender gün tertibini okuw işine goşmak boýunça okuw derslerini geçirdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri we BMG-niň Çagalar Gaznasynyň resmi websaýty habar berdi. Maglumata görä, okuw sapaklary Türkmenistanyň Bilimi ministrligi bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde geçirilipdir. Döwlet metbugaty interaktiw formatda alnyp barylýan... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

WTA озвучила Елене Рыбакиной условия для становления второй ракеткой мира






Спецслужбы Германии с 2015 года следили за обвиненным в шпионаже членом АдГ

Мария Нагорная приняла участие в акции «Доброе дело» в Лыткарине

В День Медика пройдет премия в области здоровья The Medical Stars & Beauty Awards

Пассажира рейса «Сургут-Москва», который пришлось экстренно посадить в Перми оштрафовали