Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Новости за 30.11.2022

Türkmen häkimiýetleri raýat aktiwistiniň maşgalasyna basyş edýärler

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň polisiýa işgärleri Türkiýede ýaşaýan we şu ýylyň oktýabr aýynda raýat jemgyýeti aktiwistleriniň onlaýn maslahatynda türkmen hökümetini tankyt eden Merdan Ilýasowyň ene-atasyna azar berýärler. Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Ahmet Rahmanow gürrüň berýär.

Türkmenistanda ýaşlaryň okuw üçin goşun gullugyny yza süýşürmegine rugsat berilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda orta mekdebi tamamlan oglanlar ýokary okuwa synanyşmak şerti bilen, harby gulluga çagyryş möhletini bir ýyl yza süýşürip bilerler. Bu mümkinçilik Türkmenistanyň "Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky" kanunyna girizilen goşmaçalarda kepillendirilýär. Bu waka türkmen ýaşlarynyň orta mekdepleriň gutardyş synaglaryndan soň, dessine goşun gullugyna alnyp gidilýändigi barada Azatlyk Radiosynyň yzygiderli çap eden maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi. Goşmaçalara laýyklykda, kanunyň... Читать дальше...

Türkmenistan alkogol we temmäki önümleri üçin salgytlaryň möçberini artdyrdy

Azathabar.com 

Türkmenistanda alkogol we temmäki önümleriniň ýurda getirilmegine degişli goşmaça salgytlaryň möçberi artdyryldy. Şeýle-de, temmäki önümleriniň satuwyna degişli ýaş çäklendirilmesi ýokarlandyryldy. Bu waka ýurtda temmäki we alkogol önümleriniň söwdasyna gözegçiligiň gaýtadan güýçlenmeginiň we çilimiň bahasynyň gymmatlamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistan alkogol we temmäki önümleri üçin salgytlaryň möçberini ýene artdyrdy

Azathabar.com 

Türkmenistanda alkogol we temmäki önümleriniň ýurda getirilmegine degişli goşmaça salgytlaryň möçberi ýene artdyryldy. Şeýle-de, temmäki önümleriniň satuwyna degişli ýaş çäklendirilmesi ýokarlandyryldy. Bu waka ýurtda temmäki we alkogol önümleriniň söwdasyna gözegçiligiň gaýtadan güýçlenmeginiň we çilimiň bahasynyň gymmatlamagynyň yz ýanyna gabat geldi. Täze üýtgetmeler Türkmenistanyň "Salgytlar hakyndaky" we "Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden... Читать дальше...

Lebapda ilat goşmaça tölegleriň öňüni almak üçin ölçeýjilerini barlatmaga howlukýar

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki "Türkmenstandartlary" baş döwlet gullugynyň öňünde adamlaryň uly nobatlary emele geldi. Bu ýere üýşen ilat öz öýlerinde agyz suwunyň, elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň sarp edilişini hasaplaýan enjamlary barlagdan geçirmäge we ýaramlylyk möhleti dolan hasaplaýjylary täzesine çalyşmaga howlukýar.

Lebapda zibil taşlanýan bir gutyny 10 adam bolup dörýärler

Azathabar.com 

Türkmenistanda zir-zibil taşlanýan çelekler hem adaty adamlaryň, hem-de häkimiýetleriň üns berýän ýerlerine öwrülýär. Ilatyň durmuş şertleriniň agyrlaşýan döwründe zibil gutularynyň daşyndaky hereket wagtal-wagtal güýçlenýär. Şeýle ýagdaý şu günler Lebap welaýatynda göze ilýär.

Şwesiýa, Finlýandiýa we Türkiýe NATO agzalyk meselesinde öňe ilerledi – şwed baş diplomaty

Azathabar.com 

Şwesiýa we Finlýandiýa NATO agza bolmak meselesinde Türkiýe bilen oňat öňegidişlikleri gazandy diýip, şwed daşary işler ministri Tobias Billstrom 30-njy noýabrda aýtdy. “Biz düýn Şwesiýa, Finlýandiýa we Türkiýe bilen gowy gepleşikleri geçirdik. Men mundan soň progresiň bolandygyny duýdum. Biz öňe ilerleýäris” diýip, Billstrom NATO-nyň daşary işler ministrleriniň Buharestde geçen duşuşygynda aýtdy.

Russiýa Gorno-Badagşan sebitiniň ýene bir ýaşaýjysyny Täjigistana iberdi

Azathabar.com 

Russiýa Täjigistanyň gowgaly Gorno-Badagşan sebitiniň ýene bir ýaşaýjysyny Merkezi Aziýa döwletine ekstradisiýa etdi. Onuň öz ýurdunda bikanun tussag edilip bilinjekdigi we eden-etdilikli yzarlama duçar bolup biljekdigi bellenilýär. 34 ýaşly Amid Alifşoýewiň ýakynlarynyň 28-nji noýabrda Azatlyga aýtmagyna görä, ol Moskwada bäş ýyl ýaşandan soň, geçen hepde rus polisiýasy tarapyndan saklanypdyr we birnäçe günüň içinde ekstradisiýa edilipdir. Olar onuň haýsy sebäp bilen saklanandygyny we näme üçin ekstradisiýa edilendigini bilmeýändiklerini... Читать дальше...

Gazagystanda protestçi esgeri öldürmekde günäli tapyldy, oňa 17 ýyl berildi

Azathabar.com 

Gazagystanyň günortasyndaky Kyzylorda şäherinde sud ýanwarda ýurtda ozal görlüp-eşidilmedik gerimdäki hökümete garşy protestleriň gatnaşyjysyny 17 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Sud Kazybek Kudaibergenowy protestleriň dargadylan pursady ulagyny bir esgeriň üstüne sürüp, ony öldürmekde günäli tapdy. 34 ýaşly Kudaibergenowa höküm 29-njy noýabrda çykaryldy. Ol özüniň günäsizdigi aýtdy. Kudaibergenowanyň aýaly, Inkarim Sultanowa, esgeriň jesediniň iki barlagynyň bolandygyny, olaryň netijeleriniň... Читать дальше...

Putin Gazagystan we Özbegistan bilen “gaz bileleşigini” esaslandyrmagy teklip etdi

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Gazagystan we Özbegistan bilen birlikde “gaz bileleşigini” esaslandyrmagy teklip etdi. Munuň bilen bu üç ýurduň, şeýle-de beýleki döwletler, şol sanda Hytaýyň arasyndaky tebigy gazyň transportyny kadalaşdyrmagyň maksat edinilýändigi aýdylýar. Mundan bir gün soň, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bu mesele boýunça Moskwada Putin bilen gepleşik geçirendigini aýtdy. 29-njy noýabrda Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow bu meseläniň üç ýurduň arasynda maslahat edilýändigini tassyklady.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Арина Соболенко призналась в том, что не любит женский теннис






В Тульской области на трассе М-4 «Дон» нанесут экспериментальную разметку

Синоптик Цыганков: май в Москве начнется с теплой погоды и небольших осадков

Дебошира с самолета Сургут – Москва приговорили к штрафу в 600 тыс. рублей

Губернатор Петербурга поблагодарил Путина за организацию выставки-форума «Россия»