Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Новости за 29.11.2022

Baýramçylygyň öň ýanynda dollar we harytlar arzanlaýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň bazarlarynda azyk harytlarynyň bahasy birneme arzanlap başlady. Bu waka dollaryň gara bazardaky nyrhynyň aşaklan we Bitaraplyk baýramyna iki hepdeden hem az wagtyň galan mahalyna gabat geldi. Ýöne ýerli ilat ozalky tejribelerden ugur alyp, munuň uzak dowam etmejekdigini aýdýar. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy azyk önümleriniň 20-40% çemesi arzanlandygyny aýdyp, käbir harytlaryň 29-njy noýabrdaky bahalary barada maglumat berdi. "Ýokary hilli ýerli unuň bir kilogramy 8 manat... Читать дальше...

Lebapda ilat goşmaça tölegleriň öňüni almak üçin ölçeýjilerini barlatmaga howlukýar

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki "Türkmenstandartlary" baş döwlet gullugynyň öňünde adamlaryň uly nobatlary emele geldi. Bu ýere üýşen ilat öz öýlerinde agyz suwunyň, elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň sarp edilişini hasaplaýan enjamlary barlagdan geçirmäge we ýaramlylyk möhleti dolan hasaplaýjylary täzesine çalyşmaga howlukýar. "Şäherdir etraplaryň köçelerinde suw, tok we gaz hasaplaýjylary welaýat merkezindäki "Türkmenstandartlary" gullugynda barlagdan geçirmegiň zerurdygy barada bildirişler asyldy. Читать дальше...

Türkmenistandan Türkiýä ýol çykdajylary $1000-dan geçdi

Azathabar.com 

Türkiýe türkmen raýatlarynyň iň köp gatnaýan ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar. Ýurtlaryň arasynda wiza düzgüniniň girizilenine garamazdan, iki ýurduň arasynda gatnamak mümkinçiligine isleg ýokary bolmagyna galýar, çykdajyar hem artýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary häzirki wagtda Türkmenistandan Türkiýä gitmegiň mümkinçiliklerini öwrendiler we çykdajylaryny hasapladylar.

Türkmenistandan Türkiýä ýol çykdajylary $1000-dan geçdi

Azathabar.com 

Türkiýe türkmen raýatlarynyň iň köp gatnaýan ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar. Ýurtlaryň arasynda wiza düzgüniniň girizilenine garamazdan, iki ýurduň arasynda gatnamak mümkinçiligine isleg ýokary bolmagyna galýar, çykdajyar hem artýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary häzirki wagtda Türkmenistandan Türkiýä gitmegiň mümkinçiliklerini öwrendiler we çykdajylaryny hasapladylar. Türkiýe döwletine wiza düzgüni girizelensoň Türkmenistandan Stambula şaherine baryp ýetmek üçin 20 müň manat çemesi pul harçlamaly bolýar. Читать дальше...

Türkmenistan Bilim baradaky Ýewropa konwensiýasyna goşuldy

Azathabar.com 

Türkmenistan daşary ýurtlaryň ýokary bilimini ykrar etmek boýunça Lissabon konwensiýasyna goşuldy. Bu dokument ýurtlaryň arasynda ýokary bilim derejeleriniň ykrar edilmegini aňsatlaşdyrmagy maksat edinýär. Daşary ýurt uniwersitetleriniň diplomlaryny ykrar etdirmek meselesi Türkmenistanyň daşynda bilim alan raýatlaryň ençemesi üçin birnäçe ýyl bäri agyr mesele bolmagyna galýar.

Özbegistanda hökümete garşy çykan protestçileriň sud diňlenişigi başlandy

Azathabar.com 

Özbegistanyň günortasyndaky Buhara şäherinde şu ýyl ozal görüp-eşidilmedik gerimdäki hökümete garşy protestlere gatnaşan 22 adama garşy, Özbegistanyň konstitusion gurluşyny bozmak aýyplamalary esasynda sud diňlenişigi başlandy. Özbek resmileri ýurduň Garagalpagystan awtonom respublikasynda tutaşan protestlerde 21 adamyň ölendigini aýdýarlar. Protestler iýulda häkimiýetleriň regionyň awtonom statusyna täsir etjek konstitusion üýtgetmeleri yglan etmeginden soň döredi. Garagalpagystanyň esasy... Читать дальше...

Eýranda ýük ulag sürüjileri protestlere raýdaşlyk hökmünde iş taşlaýyş geçirýärler

Azathabar.com 

Eýranda ýük ulag sürüjileri tapgyr üç gün bäri iş taşlaýyş geçirýärler. Howpsuzlyk gulluklarynyň haýbatlaryna hem garamazdan olara goşulýanlaryň sany barha artýar. Merkezi Isfahan şäherinde ýük ulaglary duralgadan çykmadylar. Sosial mediada Kazwin, Kermanşah, Marand we Bandar Abbas şäherlerinde hem ýük sürüjileriniň iş taşlaýyşa goşulandygyny görse bolýar. Eýranda protestler sentýabr aýynda aýal-gyzlaryň hukuklaryny goraýjy 22 ýaşly Mahsa Amininiň polisiýada urlup, öldürilenden soň başlandy. Читать дальше...

Türkmenistan, Türkiýe we Azerbaýjan özara ylalaşyklary baglaşarlar

Azathabar.com 

Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan ýakynda özara bäş ylalaşyga gol goýmagy planlaşdyrýarlar diýip, Türkiýäniň daşary işler ministri mälim etdi. Bu barada azernews gullugy habar berýär. Mewlut Çawuşoglu, 28-nji noýabrda Ankarada türkmen baş diplomaty Raşid Meredow bilen geçiren metbugat ýygnagynda, gürrüňi gidýän üç döwletiň energiýa hyzmatdaşlygyny artdyrmak ugrunda täze ädimleri ätjekdigini nygtady. “Ýakyn geljekde üç döwletiň bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalary bilen duşuşyklar geçiriler” diýip, türk diplomaty belledi. Читать дальше...

Çawuşoglu Türkmenistanyň TDG-nyň doly agzalyk meselesini ýene gozgady

Azathabar.com 

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Türkmenistanyň Türki döwletler guramasynyň (TDG) synçy agzasydygyna hoşaldygyny, emma onuň Guramanyň doly agzasy bolmagyny isleýändigini aýtdy. Türk mediasy Çawuşoglunuň muny 28-nji noýabrda Ankarada özüniň türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen geçiren duşuşygynda aýdandygyny habar berýär. Türkmen mediasy we Daşary işler ministrligi bu duşuşyk barada maglumat bermeýärler. Çawuşoglu Türkmenistanyň bu Gurama agza bolmagyna umyt bildirýändigi barada sentýabrda hem çykyş edipdi. Читать дальше...

Türkmenistan Eýran ýük ulaglaryna girizen gadagançylygyny ýatyrdy – Eýran mediasy

Azathabar.com 

Türkmenistan pandemiýa aladalarynyň arasynda mundan üç ýyl ozal Eýran bilen araçäkdäki ýapan “Inçeh Boroun” serhet terminalyny gaýtadan açdy. Bu barada Eýranyň “Financial Tribune” neşiri ýurduň Golestan welaýatynyň gümrük resmilerine salgylanyp 26-njy noýabrda habar berdi. Ýerli resmileriň maglumatyna görä, pandemiýadan ozal bu terminaldan günde “80-140 aralygynda” ýük ulaglary geçipdir. Eýran ýük sürüjileriniň eýýäm Türkmenistanyň wizasyny almak üçin ýüz tutýandyklary bellenilýär. Eýran resmileri... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Линетт сыграет против Соболенко во втором круге турнира WTA в Мадриде






Некто сжег спасательный вертолет в Москве

«Россети Московский регион» переходят на усиленный режим работы в праздники

Профессия, которой можно гордиться – Пожарный-спасатель

Белорусские проекты победили в Международном профессиональном конкурсе НОПРИЗ на лучший проект – 2023