Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Türkiýede bolan ýertitreme ölenleriň sany 51 adama ýetdi

0
Türkiýede bolan ýertitreme ölenleriň sany 51 adama ýetdi

Halas ediş işgärleri 1-nji noýabrda Türkiýäniň Izmir şäherinde ýumrulan binanyň harabalygyndan 70 ýaşly bir adamy halas etdi, bu Egeý deňzinde bolan güýçli ýer titremesinden iki gün töweregi wagt geçenden soňam diri galanlaryň harabalykdan çykarylyp bilinjekdigine täze umyt berdi.

Ýer titremesinde ölenleriň sany 51-e ýetdi, halas ediş toparlary diri galanlary tapmak umydy bilen harabalaryň aşaklaryny barlaýar.

Türkiýäniň adatdan daşary kömek gullugy AFAD 1-nji noýabrda ýurduň üçünji uly şäheri Izmirde gözleg we halas ediş işleriniň dowam etdirilýändigini aýtdy.

30-njy oktýabrda Izmir sebitiniň egeý kenarynda 6,6 bally ýer titremesi bolup, binalaryň ýykylmagyna kiçiräk suw joşgunynyň, sunaminiň döremegine sebäp boldy.

Döwlet we ýerli edaralardan 5700-den gowrak türk işgäri halas ediş we kömek işleri üçin mobilizlendi.

AFAD-yň habaryna görä, hadysada dokuz ýüzden gowrak adam ýaralandy.

Gresiýanyň resmileri Samos adasynda iki adamyň ölendigini habar berdiler.

Sebitde ýer yranmasyndan soňky sarsgynlar hem dowam edýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

Рублёв стал победителем «Мастерса» в Мадриде






Бывшего мужа Навки арестовали с женой и маленькой дочкой 

Адвокат Тимура Иванова хочет обжаловать решение суда для смягчения приговора

Амбассадоры сообщества «Волонтеры Москвы» помогают столице и горожанам

Что можно отметить в этот день