ABŞ COVID-19 çäklendirmelerini güýçlendirýär, ýokançlyklaryň we hassahanalara ýerleşdirilýänleriň sany rekord derejä ýetdi
ABŞ-da täze ýokançlyklaryň we hassahana ýerleşdirilýänleriň sany rekord derejä ýeten pursady, birnäçe ştat has berk koronawirus çäklendirmelerini göz öňünde tutýar.
12-nji noýabrda ýurt boýunça wirus ýokaşanlaryň gündelik sany täze rekord derejä ýetip, 150 müň adamdan aşdy. Ýokanja ýoluganlaryň sany tapgyr dokuzynjy gün 100 müňden geçdi. COVID-19 bilen hassahana ýerleşdirilýänleriň sany soňky iki hepdäniň dowamynda iki esse artyp, 66 müň adama ýetdi.
COVID Yzçylary taslamasyna görä, şu hepde 378 ABŞ raýatyndan bir adamyň COVID-19 testi pozitiw netije görkezdi. Demirgazyk ýarymşar garaňky gyşa golaýlaýan wagty, saglyk hünärmenleri duýduryş berýär.
Wirus hadysalarynyň birden aşa köpelmegi we hassahanalara agram düşmegi bilen ýedi günde ortaça ölüm sanlary 1000 adamdan aşdy.
Bu şonda-da apreliň ahyrlarynda gündelik tas 2200 töweregi bolan ölüm sanlaryndan köp däl.
Käbir ýerli hökümetler uçdantutma petiklemelerden gaça durmaga synanyşsa-da , ABŞ-nyň käbir ştatlary täze çäklendirmeleri göz öňünde tutuýar.
Nýu-Ýork, San Fransisko we Çikago ýaly iri şäherler, köpçülik ýygnanyşyklaryny çäklendirmek, restoranlaryň we barlaryň iş sagatlaryny çäklendirmek ýaly täze çäklendirmeleri girizýän ştatlaryň hataryna goşulýar.
Bu aralykda, Detroitiň, Indianapolisiň, Filadelfiýanyň hem-de Minneapolisiň bilim ulgamlary sapaklaryň mekdeplerde geçilmegini ýatyrýar.