Gazak sudy blogçyny ruhy hassahana ýerleşdirmek kararyny goldaýar
Gazagystanyň sudy gadagan edilen guramanyň işine gatnaşmakda aýyplanýan žurnalisti we blogçyny ruhy hassahana ýerleşdirmek baradaky karary tassyklady.
Nur-Soltan şäherindäki şikaýat sudunyň 19-njy noýabrdaky karary Aýgül Ötepowanyň, geçen hepde çykarylan karar esasynda, öý tussaglygyndan ruhy hassahana geçiriljekdigini aňladýar.
Ilki çykarylan sud kararynda Ötepowanyň akyl saglygyny barlamak üçin bir aýlap ruhy hassahanada saklanmalydygy aýdylýar.
50 ýaşly žurnalist 17-nji sentýabrda Facebookda häkimiýetleri koronawirus ýokuşmalarynyň öňüni almak ugrunda ýeterlik tagalla etmezlikde tankytlandan soň öý tussaglygyna alyndy.
Žurnalistiň öý tussaglygynyň deslapky möhleti şu hepdäniň başynda 27-nji dekabra çenli uzaldyldy.
Häkimiýetler ony ekstremist topar hökmünde häsiýetlendirilen we ýurtda gadagan edilen oppozisiýa hereketini, Gazagystanyň Demokratik Saýlawyny goldamakda aýyplaýarlar.
Ötepowa bu syýasy hereket bilen baglanyşygyny inkär edip, garaşsyz žurnalist we blogçy hökmünde öz pikirini beýan edýändigini aýtdy.
Ötepowanyň gyzy Azatlyk radiosyna beren interwýusynda ejesiniň ruhy hassahana ýerleşdirilmeginiň sebäbini Gazagystanda 10-njy ýanwarda geçiriljek parlament saýlawy bilen baglanyşdyrdy, häkimiýetleriň ony dymdyrmak isleýändigini aýtdy.
Amnesty International guramasy 18-nji noýabrda Otepowanyň "diňe öz pikirlerini parahatçylykly beýan edendigi üçin jogapkärçilige çekilendigini, onuň wyždan ýesiridigini” aýdyp, garaşsyz žurnalistiň derrew azat edilmegine çagyrdy.