Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Belarusda Lukaşenka garşy ýörişlerde 300-den gowrak adam tussag edildi

0
Belarusda Lukaşenka garşy ýörişlerde 300-den gowrak adam tussag edildi

Belarusyň häkimiýetleri diýdimzor Alýaksandr Lukaşenkany döwlet başyndan aýyrmaga gönükdirilen demonstrasiýalaryň dowamynda 300-den gowrak protestçini tussag etdi.

Adam hukuklaryny goraýjy "Wýasna" guramasynyň habaryna görä, köpüsi Minskde tussag edilipdir, ýöne Brest, Hrodno, Barauliany we beýleki şäherlerde-de tutha-tutluk bolupdyr.

Bu protestler "Goňşularyň ýörişi" şygar astynda geçýän çykyşlaryň ikinji hepdesidir. Oppozisiýa öz strategiýasyny protestleri merkezden daşlaşdyrmak we polisiýanyň aktiwistleri ýygnamagyny kynlaşdyrmak usulda guramalaşdyrýar. 

Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy hukuk goraýjy edaralaryň käbir demonstrantlara garşy göz ýaşardyjy gaz we granat ulanandygyny habar berdi.

Belarusda 9-njy awgustda çekeleşikli geçen prezident saýlawlarynda Lukaşenka altynjy prezidentlik möhletine geçensoň ýurtda yzygiderli protestler geçýär.

Häkimiýetleriň basyşy astynda saýlawdan soň gysga wagtyň içinde ýurtdan çykan we häzirki wagtda Litwada sürgünlikde galýan oppozisiýa kandidaty Swýatlana Tihanowskaýa demonstrantlara goldaw berýär.

Ol twitterde eden ýazgysynda režimiň her hepde protestleriň azalýandygyny öňe sürýändigini we her hepde Belarus halkyny ýençmek hem gorkuzmak üçin güýçlerini iberýändigini, emma olaryň her hepde Lukaşenkanyň režimine garşy parahatçylykly çykyş etmek üçin ýygnanyşýandygyny belledi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Первая ракета мира Джокович получил бутылкой по голове после матча в Риме






МИД: новым послом Финляндии в России станет Марья Лиивала

Танцоры из Асбеста выступят в Москве

ФК «Краснодар» в рамках 28-го тура РПЛ сыграет со «Спартаком»

Северное сияние после сильнейшей магнитной бури