Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Aşgabatda Rus-türkmen uniwersitetini döretmek mümkinçiligine seredilýär

0
Aşgabatda Rus-türkmen uniwersitetini döretmek mümkinçiligine seredilýär

Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa edýän resmi saparynyň ilkinji gününde Aşgabatda Bilelikdäki rus-türkmen uniwersitetini döretmek başlangyjyna seredildi diýip, “Türkmenportal” neşiri anyklaşdyrmazdan habar berýär.

Ol bu sapara Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça bardy we iki ýurduň mejlisleriniň arasynda parlamentara toparyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekdi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, bu duşuşyklar parlamentara hyzmatdaşlygy, ...dostlukly türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge ýardam etmeli.

Walentina Matwiýenko Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus diline we rus medeniýetine berýän ýokary ünsüni belläp, Aşgabatda rus-türkmen uniwersitetini döretmek başlangyjyny ýatlatdy diýip, hökümetçi neşir resmi maglumatlara salgylanyp ýazýar.

Ozal habar berlişi ýaly, türkmen we rus prezidentleriniň iýun aýynda Moskwada geçirilen gepleşiklerinde Bilelikdäki rus-türkmen uniwersitetini döretmek barada ylalaşyga gelnipdi.

Mundan öň Aşgabatda Türkmen-türk uniwersiteti açylyp, 10 ýyldan gowrak wagtda halk arasynda örän meşhur bolandygyna garamazdan, syýasy sebäpler esasynda ýapylypdy.

Habarda aýdylmagyna görä, häzirki wagtda Russiýanyň ÝOJ-larynda türkmen ýaşlarynyň 30 müňden gowragy okaýar, olaryň 4 müň 300-den gowragy býujetiň hasabyna bilim alýar.

Ýatlatsak, Azatlygyň habarçylary oktýabryň ortalarynda Russiýanyň ýokary okuw jaýlaryna (ÝOJ) okuwa kabul edilen türkmen studentleriniň, zerur bolan ähli resminamalarynyň bardygyna garamazdan, uçara goýberilmändigini habar berdi.

Aeroportdaky Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri munuň sebäplerini türkmen studentleriniň okuwa kabul edilen ÝOJ-larynyň Türkmenistanda diplomy kabul edilýän uniwersitetleriň sanawyna girmeýändigi bilen düşündirdiler.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Хачанов вышел в третий круг турнира ATP в Риме






Новые квартиры по реновации получили жители 968 старых пятиэтажек в Москве

МТС первой в России открыла предзаказ на смартфон с инновационной камерой

В Ульяновской области ищут 12-летнюю девочку: к поискам привлекают кинологов, БПЛА, специалистов из Москвы

Красноярский врач спасла женщину с приступом аллергии во время полета