Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Eýranda basyp ýatyrmalara garamazdan täze protestler geçirilýär

0
5-nji noýabrda Eýranda uniwersitet studentleri täze demonstrasiýa geçirdiler. Bu aralykda dükan eýeleri hem iş taşlaýyş yglan etdiler.


Bu çäreler mundan sekiz hepde ozal 22 ýaşly Mahsa Aminiň polisiýanyň tussaglygynda ölmeginden soň dörän protestleri, häkimiýetleriň barha köp basyp ýatyrmagyna hem garamazdan amal edilýär.


Mahsa Amini sentýabryň ortalarynda ýakasy gaýyşly ahlak polisiýasynyň onuň baş örtgüsini “talaba laýyk” dakynmandygy üçin tussag etmeginden soň aradan çykypdy. Resmiler onuň ýürek näsazlygyndan ýogalandygyny öňe sürdüler.


Mundan soň, ýurduň köp künjeginde hökümete garşy protestler başlandy.


Häkimiýetleriň bulary basyp ýatyrmagy netijesinde azyndan 277 adam, şol sanda 40 çaga öldürildi diýip, düýbi Osloda ýerleşýän Eýranyň Adam Hukuklary guramasy mälim etdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса