Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirzoýoýew bilen TDG sammitiniň gün tertibini maslahatlaşdy

0
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow birinji gün Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gürleşip, Türk döwletleri guramasynyň şu hepdäniň aýagynda Samarkantda geçiriljek sammitiniň gün tertibi hakynda maslahat etdi diýip, “Oreint” neşiri özbek prezidentiniň resmi web sahypasyna salgylanyp habar berýär.


Şeýle-de, söhbetdeşler türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk beýläk hem ösdürmegiň möhüm meselelerine garadylar.


Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu sentýabr aýynyň başynda Türk döwletleri guramasynyň Samarkantda geçiriljek sammitinde Türkmenistanyň hem bu guramanyň doly derejeli agzasy boljakdygyny aýtdy diýip, habarda aýdylýar.


Emma häzir TDG-nyň synçy agzasy bolup durýan Türkmenistan bu meselede öz resmi pozisiýasyny şu wagta çenli aýan etmedi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса