Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Baýden respublikanlar ýeňiş gazanan ýagdaýynda ABŞ demokratiýasyna howp abanjagyny aýtdy

0
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Demokratik partiýanyň goldawyna geçirilen kampaniýa çäresinde ikinji gün Kongresde geçiriljek aralyk saýlawlarda respublikanlaryň ýeňiş gazanmagynyň ABŞ demokratiýasyny gowşadyp biljekdigini aýtdy.


Biraz öň respublikanlaryň geçiren ýygnanyşygynda çykyş eden öňki prezident Donald Tramp ýurdy "kommunistler dolandyrýar" diýdi.


ABŞ-ly saýlawçylar 8-nji noýabrda Baýdeniň ilkinji möhletiniň galan iki ýylynda parlamente kimiň gözegçilik etjekdigini kesgitlärler.


Prezidente garşy çykýan partiýalar, adatça, prezidentlik möhletiniň ortasynda iň gowy kampaniýalaryny alyp barýarlar. Saýlawdan öňki pikir soramalary respublikanlaryň ses berişlikde Kongresiň aşaky palatasyna hökman gözegçilik etjekdigini çaklamaga esas berýär, Senatdaky mümkinçilikler deň ikä bölünýär.


Respublikanlar palatalaryň bolmanda birine gözegçilik edip bilseler hem, bu olaryň Baýdeniň kanunçylyk başlangyçlaryna garşy çykmagyna mümkinçilik berer diýip, “Amerikanyň sesi” ýatladýar.


Bu, öz gezeginde, olara 2024-nji ýyldaky prezident saýlawynda hem kömek edip biler.


Demokratlary prezidentiň halk içindäki meşhurlygynyň pes bolmagy yza çekýär.


Ýakynda Roýters/Ipsos tarapyndan geçirilen pikir soralyşygynda amerikalylaryň diňe 40 göterimi Jo Baýdeniň wezipede bolmagyny tassyklaýandygyny aýtdy. Bu, aralyk saýlawlaryndan öň, häzirki zaman taryhdaky iň erbet netije bolup durýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса