Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Lebapda gyş paslynyň öňüsyrasy onlarça hojalygyň gaz peçleri söküldi

0
Lebapda gyş paslynyň öňüsyrasy onlarça hojalygyň gaz peçleri söküldi

Lebap welaýatynda hojalyk jaýlaryndaky gaz peçleri barlamak işleriniň batlandyrylmagynyň yz ýany, sebitiň ýangyn howpsuzlygy işgärleri hojalyklaryň ençemesini jerimä sezewar etdiler. Howanyň günsaýyn sowaýan şu günlerinde käbir hojalyklaryň bolsa, ýylynmak üçin niýetlenen gaz peçleri sökülip aýryldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy maglumat berdi.

"Soňky günlerde Saýat, Halaç we Çärjew etraplarynda onlarça hojalygyň gaz peji sökülip aýryldy. Ýangyn howpsuzlygynyň işgärleri köp hojalyga-da jerime ýazdylar. Jerimäniň möçberi 600-1000 manat aralygynda üýtgeýär" diýip, Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy şaýat bolan ýagdaýlaryny Azatlyk bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Hepdäniň başynda habarçymyz sebitiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleriniň hojalyk jaýlaryna aýlanyp, ýangyn döredip biljek enjamlary barlamak işlerini güýçlendirendigini habar berdi. Habarçymyz işgärleriň esasan hem gaz peçleriň talaba laýyk oturdylandygyny ýa oturdylmandygyny barlaýandygyny we ilata näsazlyklary düzetmek üçin üç gün möhlet berendigini aýdypdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, hojalyklaryň jerimä sezewar edilmegine, olaryň peçleriň gaz ýanýan bölegini we tüsse çykarýan turbasyny jaýyň daşynda oturtmazlygy sebäp boldy. Gaz peçleri sökülip aýrylan hojalyklara bolsa, olaryň peçleriň gaz ýanýan böleginiň zawodda öndürilen däl-de, öýlerde ýasalan görnüşini ulanandyklary aýdyldy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada welaýatyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminden kommentariýa alyp bilmedi.

Habarçymyz gaz pejiň zawodda öndürilen görnüşini oturtmagyň azyndan 1000 manada düşýändigini, ykdysady kynçylyklar we giň ýaýran işsizlik sebäpli gurpdan düşen köp maşgalanyň bu serişdäni tapyp bilmeýändigini aýdýar.

"Köp hojalyk gaz peçleriniň arzan tarapyna ýykgyn edýär. Olar howpludygyny bilseler-de, bialaç öýlerde ýasalan peçleri, şol sanda olaryň böleklerini satyn alýarlar. Bu, gaz peçleriň zawodda öndürileni bilen deňeşdirilende, telim esse arzan düşýär" diýip, ýaşaýjy belledi.

Howanyň günsaýyn sowaýan şu günlerinde gaz peçleri sökülip aýrylan ýaşaýjylaryň nähili çykalga tapjakdygy häzirlikçe belli däl. Sebäbi her ýylda täze gurluşyklara millionlarça ABŞ dollary sarp edilýän Türkmenistanda agzalýan etraplardaky hojalyk jaýlarynyň aglabasyna hökümet tarapyndan merkezleşdirilen ýyladyş ulgamy çekilmedik.

"Häzir köp hojalyk näme etjegini bilmeýär. Käbir adamlar karz alyp, täze gaz peçlerini oturdýarlar" diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Howa maglumatlaryny çap edýän "Weather.com" neşiriniň 10-njy noýabrdaky maglumatyna görä, Saýat, Halaç we Çärjew etraplarynda hepdäniň ahyryna çenli howanyň temperaturasy gündizlerine 11 we 12, gijelerine 1 we -1 gradus aralygynda üýtgär.

Bu aralykda, habarçymyz hojalyk jaýlaryny ýylytmak üçin suw turbalaryndan hem peýdalanyp bolýandygyny, ýöne munuň köp hojalyk üçin aşa gymmat düşýändigini habar berýär. Onuň sözlerine görä, suw turbalaryny jaýlara çekmegiň çykdajysy 20 müň manada çenli ýetýär. Bu serişde Merkezi bankyň kursunda $5700, gara bazaryň nyrhynda $1000 barabardyr.

Türkmen hökümeti her ýylyň sentýabr we oktýabr aýlarynda güýz-gyş ýyladyş möwsümine taýýarlyk işini birnäçe gezek maslahat etse-de, her ýyl güýz-gyş möwsüminde ýurduň paýtagtynda we sebitlerinde ilat ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezligi, olaryň hatardan çykmagy bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet metbugaty ilatyň ýyladyş bilen bagly kynçylyklary barada hiç hili habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Касаткина обыграла Марию и вышла в третий круг турнира WTA-1000 в Риме






«Авто уничтожено огнем»: на трассе в Смоленской области произошла серьезная авария

Какого числа в 2024 году в России празднуют День матери

Бастрыкин поручил наградить спасавших людей из упавшего в Мойку автобуса очевидцев

Зачем подставлять лицо ветру и обходить огород 12 мая: приметы и запреты на день Девяти целителей