Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň medeni günleri geçirildi

0

9-njy noýabrda, Aşgabatda Türkmenistan bilen diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Koreýa Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy. 9-njy, 10-njy we 11-nji noýabrda Aşgabat kinoteatrynda “Samjin şirketiniň iňlis dili dersleri” we “Bori” filmleri görkezildi.

11-nji noýabrda agşam Magtymguly adyndaky Milli saz we drama teatrynda koreýanyň milli tagamlary hödürlendi, olary dadyp görmek, şeýle-de gözelligi bilen haýran galdyrýan - hanbok milli köýneklerine syn etmek we hatda geýip görmek üçin pursat döredildi. Munuň yzýany medeni çäräniň ýapylyş dabarasy hökmünde ajaýyp saz çäresi "Koreýanyň Gugak sazynyň konserti" boldy.

Bu çäreler barada ýerli habar beriş serişdeleri hem maglumat berdiler. "Gugak" gadymy döwürlerden gelýän özboluşly we ajaýyp saz gurallarynda ýerine ýetirilýän milli koreý sazydyr.

“Hwa Su Mok” atly kwartet ansambly tomaşaçylaryň öňünde çykyş etdi, bu “Säher tämizliginiň ýurdy” diýlip atlandyrylýan Koreýanyň aýdym-saz medeniýetiniň ajaýyp özüne çekijiligini iň ýokary derejede görkezdi. Saz toparyna günbatar saz gurallaryny çalýan iki sazanda pianoçy Kim Te Su we wiolonçelist Çae Song, şeýle-de ajaýyp sesli kaýagym we hegym koreý gadymy gurallarynda saz çalýan iki sazanda Pil Leung we Kim Heýon girýär.

Milli koreý sazy häzirki zaman aýdym-sazynyň özenini emele getirýär. Soňky ýyllarda stilleri birleşdirmek esasyndaky döredijilik ansambllarynyň ösüşi güýçlenýär bu ýerde "gugak" günbatar medeniýetiniň elementleri bilen urgaşyp, häzirki zaman aýdym-saz stillerine aralaşdy.

Kaýagym bir hatara düzülen köp kirişli saz guraly, hegym bolsa, uzyn saply iki kirişli we kemençe bilen çalynýan saz guraly. Aşgabatly tomaşaçylarynyň göwnünden turan hegym saz guralynyň çykarýan sesi ajaýyp saz bilen çäklenmän, esýsem aýal sesine meňzeş ses çykarýar, şeýle hem agy sesine, haýwan seslerine meňzäp gidýär.

Konsertiň başynda Koreýa kwarteti özbaşdak, soňunda bolsa Rasul Glyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary bilen bilelikde çykyş etdi. 

Günbatar aýdym-sazlary hem jadyly bir görnüşde ýaňlandy - konsert programmasynyň rus we iňlis dillerinde habar berlişi ýaly Edward Grigiň "Solweig aýdymy ", "ABBA" şwed toparynyň "Dançing Queen" we "Besame mucho" ýaly beýleki meşhur günbatar sazlary ýaňlandy.

Konsertiň ortasynda türkmen konserwatoriýasynyň talyby Dünýägözel Begaliýewa orkestriň gatnaşmagynda koreý dilinde ajaýyp çykyş etdi. Türkmen aýdymçysy ajaýyp Koreýa peýzažlaryny görkezýän ekranyň fonunda üç sany koreý halk aýdymyny "Choi Song Hwan", "Handol", "Kymgang dagyna höwes" eserlerini ýerine ýetirdi.

Konsertde Türkmenistanyň aýdym-saz sungatynyň nyşany hökmünde "Şukur bagşy" filminden beýik Nury Halmammedowyň sazy ýaňlandy.

Tanyşlarym konsertden şähti açyk, güler ýüzli gaýtdylar we "Şeýle gözellik bilen ajaýyp duşuşyklar üçin kemsitmelere hem çydap bolar" diýdiler. Gynansak-da, medeni çärede "gelşiksiz" ýagdaý hem ýüze çykdy. Bu Koreýa tarapynyň ýalňyşlygy bolman, eýsem käbir türkmen resmileriniň islegine görä döredi.

“Hemmeler üçin” diýlip yglan edilen çärede koreý tagamlaryny dadyp görmek we milli eşiklere syn etmek üçin konsertden bir sagat öň teatryň öňünde ýygnananlaryň köpüsine girmek gadagan edildi.

Köpçülik ýapyk merkezi gapylaryň öňünde durka, başga bir girelgeden "gerekli tomaşaçylary" salyp başladylar. "Ret edilenler" gaharlanyp, ýapyk gapylary kakyp başlanda, olara konserte ýarym sagat öň 18:30-da goýberiljekdigini aýtdylar. Diňe Koreýa tarapynyň karary bilen, 17.55-de köpçülige teatr zalyna girmäge rugsat berildi.

Meniň özüm nepis eşiklere seredip, konsert zalynda ýer gözlemäge bardym. Köpçülikden aýra başga bir gapydan girenleriň köpüsi Koreýanyň milli tagamlaryny dadyp görenden soň konserte galman çykyp gitdiler.

Konsert köpleri koreý halkynyň medeniýetine ýakynlaşdyrdy. Köp adamda Koreýanyň aýdym-sazy we medeniýeti bilen tanyşlygyny internet üsti bilen wideo arkaly dowam etdirmäge höwes döredi. Emma, gynansak-da, Türkmenistandaky haýal we çäkli internet muňa mümkinçilik bermeýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Хачанов победил Шевченко во втором круге турнира ATP в Риме






Без солнца. Эксперт объяснила, почему даже летом не хватает витамина D

Самолет, пролетая над Амурской областью, потерял навигационные сигналы

Танцоры из Асбеста выступят в Москве

Патриотическая акция «Вальс победы» прошла в Лобне