Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Türkmen DIM-niň başlygy Josep Borrel bilen gepleşik geçirer

0
Ýewropa diplomatiýasynyň başlygy we Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Josep Borrell geljek hepde Samarkantda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirer diýip, “Orient” neşiri habar berýär.


Duşuşyk 18-nji noýabrda, bäşinji gün geçiriljek ÝB-Merkezi Aziýa gatnaşyklary konferensiýasynyň çäginde geçiriler diýlip, Ýewropa Komissiýasynyň web sahypasynda habar berildi.


Josep Borrell Samarkanda gelmezinden öň, 16-njy noýabrda Gazagystana sapar eder we 17-nji noýabrda, ÝB-Merkezi Aziýa ministrleriniň duşuşygynyň geçiriljek ýurdy bolan Özbegistana geler.


Şol günüň ertesi Samarkantda ÝB-Merkezi Aziýa gatnaşyklary boýunça geçiriljek konferensiýa döwlet ýolbaşçylary, hökümet baştutanlary, hususy pudagyň hünärmenleri we bilermenler, alymlar, döwlet edaralarynyň we habar serişdeleriniň wekilleri gatnaşar.


Maslahatyň çäginde sanlaşdyrmak, ulag we logistika, energiýa we suw çeşmeleri bilen baglanyşykly meselelere serediler diýip, habar aýdylýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса