Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Türkmenistan "Walt Disney Company" bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşýar

0
Türkmenistan

“The Walt Disney Company” kompaniýasynyň Merkezi we Gündogar Ýewropa, GDA ýurtlary boýunça baş media direktory Kahaber Abaşidze Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň geljegini maslahatlaşdy diýip, “Orient” neşiri anyklaşdyrmazdan habar berýär.

Türkmen DIM-niň we Teleradio gepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri bilen ikinji gün, wideo arkaly guralan gepleşikler türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Abaşidze dynç alyş mazmunly önümleri öndürmekde iň iri kompaniýalaryň biriniň işi, operasion mümkinçilikleri, önümçilik tapgyrlary we iň öňde baryjy brendleri -- Disney, Pixar, Marvel, 20th century studios bilen tanyşdyrdy diýip, habarda aýdylýar. Ýöne bu hili önümleriň Türkmenistanda, daşary ýurt tejribeleri esasynda öndürilmek mümkinçiligi hakynda maslahat edilip-edilmändigi nämälim bolmagynda galýar.

Hususan-da, Türkmenistan barada belli bir ugurlar boýunça maglumat çykarmak üçin NatGeo media meýdançasyny ulanmagyň mümkinçiliklerine garaldy, türkmen tebigaty barada bilelikde wideolary surata düşürmegiň geljegi maslahatlaşyldy diýip, habarda bellenýär.

Soňky onýyllyklarda, döredijilik gözlegleriniň we erkinliginiň berk çäklendirilmegi bilen baglylykda, türkmen mediasynyň öz muşdaklaryny barha kän ýitirýändigi aýdylýar. Mundan başga, ýurtdaky awtokratik dolandyryş bilen baglylykda, daşary ýurt habalarynda Türkmenistan 'täsin' habarlar bilen tanaldy.

Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geleninden soň, ýurtda okalýan makalalaryň, kitaplaryň, nobata durup görülýän oýunlaryň ýokdugyny boýun aldy, yzygiderli ýolbaşçy çalyşdy, ýöne ýagdaýyň kän üýtgemändigi aýdylýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

Рублёв в трёх сетах обыграл Маркоса Гирона и вышел в третий круг «Мастерса» в Риме






В Полесском проезде столицы инвестор реорганизует участок по программе КРТ

Новая афера Остапа Бендера: в Москве фокусник украл у девочки золотые украшения

Центр за центы – какое жилье можно купить в ЦАО до 15 млн рублей

Терминал для сортировки грузов построят в Дмитрове