Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Borrell: MA ýurtlary Hytaý bilen Russiýanyň arasynda galmak islemeýär

0
Borrell: MA ýurtlary Hytaý bilen Russiýanyň arasynda galmak islemeýär

Merkezi Aziýa ýurtlary Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga garaşýarlar, sebäbi olar Hytaý bilen Russiýanyň arasynda gysylyp galmak islemeýärler diýip, Josep Borrell Ýewropa Parlamentinde ÝB-Hytaý gatnaşyklary barada guralan çekişmede aýtdy diýip, Akipress.com EU External Action gullugyna salgylanyp ýazýar.

"Men Merkezi Aziýadan gelýärin we size Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bize seredýändiklerini aýdyp bilerin ... Olar has deňagramly daşary syýasat alyp barmak isleýärler. Dünýäniň bu bölegi, birnäçe ýyl mundan ozal bolan bolsa, "gyrak-bujakdaky bir ýer" bolup bilerdi, indi "ähli zadyň ortarasynda" diýip, ÝB-niň daşary syýasat başlygy aýtdy.

Josep Borrell biraz öň Samarkantda iki duşuşyga - ÝB-Merkezi Aziýa ministrleriniň ýygnagyna we ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklara bagyşlanan konferensiýa gatnaşdy.

"Merkezi Aziýa Uzak Gündogary Ýewropa bilen baglanyşdyrmakda möhüm rol oýnady, sebabi harytlar we taslamalar küpek ýolunyň üsti bilen asyrlar boýy hem eýläk, hem beýläk daşaldy. Ýöne bu gatnaşyklar täze şertlere laýyklykda ösdürmeli we täze ýagdaýlara yzygiderli uýgunlaşdyrylmaly. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa, geostrategiki we geo-ykdysady nukdaý nazaryndan seredilende, bolýan wakalaryň merkezi” diýip, Borrell belledi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Даниил Медведев

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима






Baza: Поезд сошел с рельсов в Волгоградской области из-за атаки дрона

Новым главным раввином Москвы стал Йосеф Каменецкий

Суд обязал Пулково контролировать птиц на территории аэропорта

В Москве исполнят футуристическую оперу 1913 года с новонайденными эпизодами