Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Baýramçylygyň öňýany raýatlaryň dokumentleri köpçülikleýin barlanýar

0
Baýramçylygyň öňýany raýatlaryň dokumentleri köpçülikleýin barlanýar

Lebap welaýatynda güýçlendirilen tertipde işläp başlan polisiýa şäherleriň köçelerinde gözegçilik çärelerini artdyrýar, agşam köçelere çykan ýaşaýjylary saklaýar, olaryň dokumentlerini barlaýar. Ýangyn gullygy hususy kärhanalary barlaýar.

Munuň resmi sebäbi düşündirilmeýär. Çeşmeler munuň ýasama petardalaryň ýarylmagy netijeside pajygaly ýagdaýlaryň öňüni almak bilen baglanyşdyrýarlar.

20-nji noýabrda girizilen güýçlendirlen iş tertibi ýetip gelýän Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy sebäpli görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşykly diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, polisiýa dokument barlagyny geçirýär, şeýle-de ýaşaýyş jaýlaryň öňünde oturýan adamlary dargadýar: "Polisiýa işgärleri köçelerde 20:00-dan soň adam görünse, şol raýaty saklap dokumentlerini barlaýar. Köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň umumy howlularynda dynç alyp, toplanyp oturan adamlary öýli öýiňize giriň diýip, etrapçalaryň içine awtoulagly aýlanýan polisiýa toplanyp oturan adamlary dargadýar".

Polisiýa gözegçiligi welaýat ilatynyň durmuşyna täsir ýetirdi, şol sanda dükanlaryň iş sagatlarynyň kemelmegine getirdi. Mundan öň agşam sagat 21:00 çenli işlemäge rugsady bolan hususy dükanlar indi 20:00-da ýapylmaly edildi.

"Hususy dükanlary sagat 20:00-de ýapmak, hut döwlet dükanlaryna degişli iş tertibe geçmek buýruldy" diýip, lebaply telekeçiler bilen gepleşen habarçy aýdýar.

Ýangyna garşy gullyklar hem güýçlendirlen iş tertibine geçirildi. Olar awtoulag bejerýän we demir bilen işleýän ähli kärhanalary barlaýarlar. Elektrik sistemasyna, tok geçiriji simlere esasy üns berilýär.

Azatlyk Radiosynyň welaýat häkimiýetlerinden resmi düşündiriş almak synanyşygy başa barmady.

Lebapdaky habarçymyz, ýerli häkimiýet çeşmelerine salgylanyp, baýramçylyklaryň öňýanyndaky howpsuzlyk çärelerine şu ýyl has uly üns berilmeginiň sebäbiniň geçen ýylda täze ýyl gijesinde Çärjew etrabynda bolan pajygaly ýagdaý bilen ilteşiklidigini belleýär.

Ýatlatsak, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda, täze ýyl baýramçylygynda öýde ýasalan petardlaryň partlamasy zerarly üç adam heläk boldy we 20-den gowrak adam ýaralandy. Azatlygyň Lebabyň kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmeleriniň beren maglumatyna görä, öý şertlerinde öndürilen partlaýjy enjam azotda eýlenen kagyz bilen doldurylan awtoulag amortizatorynyň bir böleginden ýasalypdyr. Şol pajygaly hadysadan soň partlaýjy enjam ýasamakda güman edilip, ýerli kebşirleýji tussag edilipdi.

Habarçymyzyň soňmaglumatyna görä, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçen gijesinde bolan şol pajygaly waka boýunça geçirlen derňewleriň netijesinde ýasama petardy öndüren kebşirleýji ussa we onuň ogluna, şeýle-de ýene bir adama günä bildirilip, 7 ýyl tussaglyk möhleti berlipdir.

Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri ýüze çykýan pajygaly wakalar we olaryň derňelmegi barada ýyllarboýy maglumat çap etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Первая ракета мира Джокович получил бутылкой по голове после матча в Риме






В Щелково посетитель ударил сотрудника кафе

Заполняемость индустриальных парков Подмосковья достигла 87%

Баскетбольный клуб «Химки» завоевал серебро Суперлиги

Более 240 европротоколов оформили в Подмосковье за неделю