Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Öňki prezident aýlyklaryň 10% ýokarlandylmagynyň 'ýeterlikdigini' sorag astyna aldy

0
Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýyl üçin döwlet býujeti hakyndaky kanunyň taslamasyna gaýtadan seretmegi teklip etdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär. Şeýle-de onuň öz prezident bolan ýyllarynda çylşyrymlaşan maliýe, aýlyk haklary meselelerine biraz başgaça garap başlandygy aýdylýar.


Bu habar ýurtda mejbury zähmetiň iň bir agyr görnüşleriniň biriniň, sowuk howada adamlaryň pagta ýygmaga çekilýän wagtyna gabat geldi.


Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 23-nji noýabrda geçirilen mejlisinde «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin döwlet býujeti hakyndaky» kanunyň taslamasyna seredildi we onuň bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan hödürlenen kanun taslamasyna birnäçe bellik etdi diýip, TDH anyklaşdyrmazdan habar berýär.


Şunuň bilen baglylykda, edilen bellikleriň ählisini göz öňünde tutup, ýene-de bir gezek anyk we takyk hasaplamalaryň geçirilmegi üçin, geljek ýylyň döwlet býujeti hakyndaky kanunyň taslamasy yzyna gaýtaryldy we ol täzeden işlenip, Halk Maslahatyna gaýtadan hödürlenmeli edildi.




Şeýle-de, öňki prezidentiň milli puly daşary ýurt puluna öwürmekde döredilýän emeli kynçylyklar, “Zähmet haklaryny we beýleki kömek pullaryny 10 göterim ýokarlandyrmagyň” ýeterlikdigini sorag astyna alandygy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garaşylýan netijeleri bermeýändigi barada mesele gozgandygy habar berilýär.


Türkmen hökümeti ýurtdaky agyr ykdysady kynçylyklary, ilatyň garyplaşmagyny, azyk önümleriniň we durmuşyň 10% köpeldilýän aýlyklardan onlarça esse gymmatlaýandygyny boýun almaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса