Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Türkmenistandan Türkiýä ýol çykdajylary $1000-dan geçdi

0
Türkmenistandan Türkiýä ýol çykdajylary $1000-dan geçdi

Türkiýe türkmen raýatlarynyň iň köp gatnaýan ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar. Ýurtlaryň arasynda wiza düzgüniniň girizilenine garamazdan, iki ýurduň arasynda gatnamak mümkinçiligine isleg ýokary bolmagyna galýar, çykdajyar hem artýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary häzirki wagtda Türkmenistandan Türkiýä gitmegiň mümkinçiliklerini öwrendiler we çykdajylaryny hasapladylar.

Türkiýe döwletine wiza düzgüni girizelensoň Türkmenistandan Stambula şaherine baryp ýetmek üçin 20 müň manat çemesi pul harçlamaly bolýar. Bu gara bazar nyrhyndan 1000 amerikan dollaryna barabar bolsa, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursy boýunça 5714 amerikan dollaryna barabar. 

Bu nyrha uçar bileti, wiza we koronawirus bilen bagly resminamalar üçin resmi çykdajylaryň daşyndan bulary almak üçin berilmeli para girýär. Emma syýahat üçin taýýarlyklar diňe bir maliýe harajatlar bilen çäklenmän, wagty hem dürli tagallary talap edýär.

Syýahata taýýarlyk wiza almakdan başlanýar.

Lebapdaky habarçymyza görä, welaýat ýaşaýjylary Aşgabada baryp wiza goýdurmak üçin başda ençeme dokumenti edinmeli. Nikanyň bolup-bolmazlygy hakynda resminama, işleýän adamyň näçe wagt işleýändigini görkezýän iş ýerinden kepilnama, işlemeýän adamyň ýaşaýan ýerinden resminama almaly. Wiza almak üçin raýatyň daşary ýurt pasportynyň möhleti gutarýança 6 aýdan az bolmaly däl.

Koronawirusa garşy sanjymlar hakyndaky şahadatnama - talap edilýän kagyzlaryň ýene biri.

"Waksinalaryň dördüsi bolmaly. Bolmadyk ýagdaýynda, lukmanlara para berip, sertifikaty oňartmaly. Soňra muny alyp, welaýat arassaçylyk we epidemiologiýa bölümine baryp, daşary ýurda çykmak üçin sertifikat soramaly" diýip, habarçymyz aýdýar.

Indi wiza taýyn, welaýat arassaçylyk epidemiologiýa bölüminden sertifikat hem alyndy. Mundan soň Stambula bilet satyn almak meselesi döreýär.

"Türkmenabadyň halkara aeroportyna baryp Stambula bilet satyn aljak bolsaň, bu ýerdäki kassada biletiň satylmaýandygyny, Aşgabadyň halkara aeroportynda satyn alyp bolýandygyny aýdýarlar. Aşgabada baryp ýetensoň, paýtagtyň halkara aeroportynda hem şol gep, bilet ýok diýýärler. Welaýatdan baran ýolagçy 3 günläp Aşgabadyň aeroportunda oturmaly we uçarda birden ýeriň tapylmagyna garaşmaly ýa-da para berip bilet satyn almagyň ugruna çykmaly" diýip, bu ýagdaýy öwrenen habarçymyz aýdýar we paranyň 200 dollardan başlanýandygyny belleýär.

Biletiň wagtynda tapylmadyk ýagdaýynda ýolagçy üçin goşmaça problema döreýär. Ýurtdan çykmak üçin zerur hasaplanýan keselleriň önüni alyş merkeziniň koronawirus bilen bagly sertifikatynyň möhleti 3 günde dolýar.

"Koronawirus sertifikatynyň möhleti geçmänkä gyssagly uçmaly. Munuň üçin  para bermeli bolsada, adamlar razy bolýar" diýip, habarçy belleýär. 

Şeýdip, Aşgabatdan Stambula barýan uçara münmek üçin adaty ýolagçynyň çykdajylary gara bazaryň kursy boýunça 1000 dollara ýetýär.

Uçar biletiniň resmi bahasy 440 dollar bolsa, üstine 200 dollar para berilýär we biletiň bahasy 640 dolara ýetýär; Wiza bilen bagly çykdajylar 250 dollardan geçýär. Galan bölegini koronawirus bilen bagly sprawkalar we testler düzýär.  

Sentýabryň aýagynda Türkmenistanda Türkiýäniň wizasyny almak üçin çykdajylaryň 225 dollara barabardygy habar berlipdi. Azatlygyň habarçylary türkmen raýatlarynyň wizany almak üçin soralýan resminamalara 225 dollar (gara bazaryň nyrhy boýunça 4 müň manat, resmi alyş-çalyş kurs boýunça 787 manat) möçberinde maliýe çykarmaly bolýandygyny aýdypdy.

Türkiýäniň, Aşgabadyň ýüzlenmesi esasynda, türkmenistanlylar üçin girizen wiza düzgüni türkmen raýatlarynyň ýurtlaryň arasyndaky gatnawyny hasam kynlaşdyrdy. Türkmenistanyň içindäki we Türkiýedäki türkmen raýatlary koronawirus çäklendirmeleri sebäpli ýatyrylan uçar gatnawynyň dikeldilmegine iki ýyllap garaşypdy. Soňra uçar gatnawy wiza režiminiň girizilmeginden soň ýola goýuldy. Türkiýede resmi taýdan 250 müň çemesi türkmen raýaty ýaşaýar, bikanun ýagdaýda galýanlaryň sany, garaşsyz çeşmelere görä, birnäçe esse köp.  

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Саснович пробилась во второй раунд турнира WTA-1000 в Риме






Президент Белорусии указал на ненужность доллара и евро во многих странах

Посол Антонов: РФ готова вести диалог с западными странами на равных условиях

Бывший замглавы Перми покинула свой пост в московском институте благоустройства

Собянин сообщил о сбитом на подлете к Москве беспилотнике